Bu makalada halkara onlaýn söwdanyň we elektron-sanly tölegleriň dinamikasynda we gurluşynda bolup geçen üýtgeşmeler görkezilýär, pandemiýanyň täsiri astynda alyjylaryň islegleriniň nähili üýtgändigini görkezilýär.
Açar sözler: elektron söwda, sanly tölegler, elektron söwdanyň gurluşy, COVID-19, elektron söwdanyň geljegi.
This article highlights changes in the dynamics and structure of international online commerce and e-payments, and shows how consumer preferences have changed under the impact of the pandemic.
Keywords: e-commerce, digital payments, e-commerce structure, COVID-19, the future of e-commerce.
Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki döwründe elektron tölegleriniň geçirilmegini göz öňünde tutýan elektron söwdasy köp adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Häzirki wagtda bu düşünjäni kesgitlemek üçin internet söwdasy, elektron söwda, elektron täjirçilik, e-söwda ýaly dürli adalgalar ulanylyp, olar hem öz gezeginde bilim neşirlerine girizildi [1; 2]. Elektron söwda düşünjesiniň iň gysga we dürs mazunly kesgitlemesi “elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly önümleri, hyzmatlary we maglumatlary satyn almak, satmak, geçirmek ýa-da alyş-çalyş etmekdir” [2]. Bu, Bütindünýä söwda guramasynyň maslahatynda 1998-nji ýylyň maý aýynda geçirilen global elektron söwda jarnamasynda kabul edilen kesgitlemä laýyk gelýär, bu elektron söwdany “harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilişini, paýlanylyşyny, ýerleşdirilişini ýa-da üpjün edilişini elektron serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrmaklyk” hökmünde häsiýetlendirýär. [7].
2021-nji ýylyň başynda dünýä ilatynyň 7,83 milliardynyň 59,5 göterimi interneti, 66,6 göterimi ykjam aragatnaşyk we 53,6 göterim töweregi sosial ulgamlary ulanýar, şol bir wagtda-da olaryň köpüsi elektron söwda platformalaryny ulanýarlar [12]. Elektron söwdanyň giňden ýaýramagyna internetiň çäklerinde islendik onlaýn söwdanyň aňsatlygyny üpjün edýän täze tehnologiýalarynyň ösüşi, günüň islendik wagtynda elýeterli bolan onlaýn dükanlaryň saýtlarynyň sanynyň yzygiderli ýokarlanmagy köpelmegi, haryt barada doly we hemmetaraplaýyn maglumatyň berilmegi hem-de alyjylaryň hukuklarynyň goralmagynyň derejesiniň ýokarlanmagy ýardam edýär. Bölek satuw zynjyry, ýa-da başga-ça aýdylanynda, söwda torlary görnüşindäki araçysyz bolan B2C (Telekeçiden sarp edijä) söwda görnüşi harytlaryň bahasynyň arzan bolmagyny üpjün edýär, hem-de müşderileriň wagtyny we puluny tygşytlaýar.
Elektron söwdasy özünip kemala gelen döwründen bäri depginli ösüp gelýär. 1-nji grafikde soňky ýyllarda bütindünýä elektron söwdasynyň dinamikasyny we pandemiýa başlamazdan ozal 2019-njy ýylyň maý aýynda eMarketer tarapyndan taýýarlanan 2023-nji ýyla çenli çaklamasy görkezilýär [10]. Bu statistika töleg usulyna garamazdan islendik enjam arkaly internet üsti bilen sargyt edilen önümleri we hyzmatlary öz içine alýar, emma syýahat we dürli çärelere biletlere tölegleri, salgytlary we pul geçirmelerini, ýerlerdäki iýmit we içgi (alkogol, temmäki önümleri) sargytlary öz içine almaýar.
Elektron söwdasynyň ýyllyk ösüş depgini 20 göterim töweregidir, emma 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli elektron söwdasynyň göwrümi 76 göterim ösdi. eMarketer-iň bilermenleri 2023-nji ýyla çenli söwdanyň mukdarynyň 6,5 trillion ABŞ dollaryna ýetjekdigini we ähli dünýä söwdasynyň 20 göteriminden geçjekdigini çaklaýarlar.
1-nji grafik
Häzirki wagtda dünýäniň döwletleriniň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (mundan beýläk BSGG) agzalarynyň ahlisi elektron söwdasyna işjeň gatnaşmaýarlar, bu ugryň ösüşi bolsa öz gezeginde şol döwletiň tehnologiki ösüşiniň derejesini, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň elýeterliligini hem-de ilatyň maddy hal ýagdaýyny görkezýär.
1-nji tablisada bolsa 2019-njy ýylda dünýä satuwlarynyň göwrüminiň 87 göterimini emele getiren 10 sany öňdebaryjy döwletiň sanawy görkezilýär. Bu sanawa hem ösen hem-de ösüp barýan döwletler girizilendir.
1-nji tablisa
Orny | Döwlet | Söwda göwrümi mlrd ABŞ doll. | Ösüş depgini göterim | Dünýä bazaryndaky paýy |
HHR, Gonkogy hasaba almazdan | 1934,78 | 27,3 | 54,70 | |
ABŞ | 586,92 | 14,0 | 16,60 | |
Beýik Britaniýa | 141,93 | 10,9 | 4,10 | |
Ýaponiýa | 115,40 | 4,0 | 3,20 | |
Koreýa Respublikasy | 103,48 | 18,1 | 2,90 | |
Germaniýa | 81,85 | 7,8 | 2,30 | |
Fransiýa | 69,43 | 11,5 | 1,90 | |
Kanada | 49,80 | 21,1 | 1,40 | |
Hindistan | 16,05 | 31,9 | 1,30 | |
Russiýa | 26,92 | 18,7 | 0,76 |
On ýyl bäri Hytaý iň uly elektron ýerleşdirilme bazary bolup, ähli satuwlaryň ýarysyndan gowragyny emele getirýär, onuň yzy ýany ABŞ, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa we Germaniýa gelýär. 2019-njy ýylda Russiýa 9-njy ýerden 10-njy orna geçip internet söwdasynyň ýokary ösüş depgini (31,9 göterim) bolan Hindistana ornuny berdi (1-nji tablisa). Elektron söwdanyň iň ýokary ösüş depgini (30 göterimden gowrak) ösýän döwletleriň arasynda- Meksikada, Hindistanda we Filippinlerde hasaba alyndy (2-nji grafik), Hytaý bolsa bu sanawda dördünji orunda durýar. Russiýa hem, elektron söwdada ýokary ösüş depgini gazanan ilkinji on döwletiň hataryna girýär. 2019-njy ýylda iň ýokary ösüş derejesi bolan alty sany döwlet elektron söwdasynyň ösdürmek boýunça öňdebaryjy hasaplanýan Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýär.
2-nji grafik
COVID-19 pandemiýasy Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň düýpli azalmagyna we köp sanly döwletlerde öýde saklanyp galmaklygyň girizilmegine sebäp boldy, şeýlelik bilenem keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda elektron söwdasyny ösdürmegiň örän möhüm bolup durýandygyny görkezdi.Pandemiýa garşy göreşmek üçin ýurtlar BSGG-niň tekliplerini ulanyp, ýurtdaky kesel derejesine baglylykda kem-kemden aşakdaky çäklendiriji çäreleri girizdiler:
1-nji tapgyrda – başlangyç çäreleri görmek, serhetleri ýapmak we ýurduň içindäki hereketi çäklendirmek;
2-nji tapgyrda – pandemiýanyň yglan edilmegi;
3-nji tapgyra- öz-özüni izolirlemek režiminiň girizilmegi, onlaýn okuwlara we mümkin boldugyça uzakara işe geçmeklik.
Hereketiň çäklendirilmegi, wirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin girizilen onlaýn işe geçmek, köp harytlara we hyzmatlara islegiň düýpli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Hytaýda, Germaniýada, Beýik Britaniýada we ABŞ-da elektron söwdanyň göwrümi 2020-nji ýylda 4-7 nokatlyk (pp) ýokarlandy. Wagtyň geçmegi bilen Hytaýda we ABŞ-da satuwyň ösüşi birneme azalan hem bolsa, pandemiýadan öňki derejeden ýokary bolmagyna galdy. Elektron söwdanyň görkezijisiniň iň pes derejesi bolan Latyn Amerikasynda-da karantiniň iki aýy içinde, “Mercado Libre” platformasynda sarp edijiler adatça bir ýylda edilýän söwdanyň mukdarynda amallary geçiripdirler.
Çäklendirmeleriň birinji tapgyrynda sarp edijiler lukmançylyk enjamlaryny (ýüz maskalary) we el arassalaýjy enjamlaryny satyn aldylar. Ikinji etapda, pandemiýa yglan edilenden soň, şahsy ideg önümleri we çalt zaýalanýan azyk önümleri ýaly zerur zatlar üpjün edilip başlandy. Iň soňunda, üçünji etapda – öz-özüni izolýasiýa etmekde – tehnologiki harytlar, simulýatorlar, güýmenje we bilim hyzmatlary bazarda uly islegden peýdalanyp başlady. Bu etap, izolýasiýa režiminiň az-kem gysga möhletli bolan Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen deňeşdirilende, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň ýurtlarynda has uzak möhletli bolanlygy sebäpli bölek-söwda dükanlary has uzak wagtyň dowamynda (bir aý ýa-da ondan hem köp) ýapyk bolmagyna galdylar.
2020-nji ýylyň ahyrynda başlanan epidemiýanyň ikinji tolkuny köp ýurtlary ýene-de COVID-19 saklamak çärelerini güýçlendirmäge mejbur etdi.
2021-nji ýylda käbir döwletlerde pandemiýanyň üçünji tolkununyň aýaga galýandygyny bellemeklik bilen, käbir döwletler doly ýa-da bölekleýin lokdaun, ýa-da birbada şeýle epidemik ýagdaýly döwletler bilen howa gatnawlaryny çäklendirmek ýa-da wagtlaýynça togtatmak ýaly çäreleri täzeden girizýärler.
Üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi, harytlar bilen bagly ýetmezçilikler we islegiň birden ýokarlanmagy, kompýuterler, öý we lukmançylyk enjamlary ýaly harytlar üçin internet üsti bilen alynýan harytlaryň bahalarynyň (eltip bermek hyzmatyny goşmak bilen) birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. 2020-nji ýylyň başy bilen deňeşdirilende, eýýäm aprel aýynda bu harytlaryň bahasy 5-10% ýokarlandy.
Mundan başga-da gönüden-göni arabaglanyşygyny bir bada ýüze çykarmak diňe tejribeli bilermenlere başartjak täzelikler bolup geçdi. Mysal üçin 2021-nji ýylyň 23-nji martynda Malaýziýadan Gollandiýa barýan “Ever Given” konteýner daşaýjy ýük gämisi Sues kanalynda çöküp batyp galdy. We şeýlelik bilen alty günüň dowamynda dünýäniň söwda gatnawynyň iň wajyp geçelgeleriniň birini böwetläp ýapyp saklady. Bu hem öz gezeginde dünýä söwdasynyň şeýle-de bolup geçýän kynçylylaryň üstüne ýene bir urgy boldy.
1-nji surat
“Ever Given” dünýädäki iň uly konteýner gämileriniň biri hökmünde gämileriň “altyn” klassyna degişli bolup durýan konteýner gämisidir. Ol Ýaponiýanyň “Imabari Shipbuilding” gämi gurluşyk kompaniýasy golçur kärhanasy bolan Shoei Kisen Kaisha kärhanasynyň eýeçiligindedir we Taýwanyň “Evergreen Marine” gämi gatnaw kompaniýasy tarapyndan kärendesine alynýar. Soňky maglumatlara görä 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 07-ne Sues kanalynyň we Gämi kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ylalaşyga gol çekilmeli. Şonuň netijesinde hem gämi Sues kanalyndan çykyp gitmeli diýlip habar berilýär.
Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine tutuşlylygyna alanyňda zeper ýetiren hem bolsa, elektron täjirçilik ulgamyna höweslendiriji täsir ýetirdi.
Döwletleriň köpüsinde elektron söwdasynyň depginli ösüşi dowam etmegine garaşylýar, emma iki sany uly bazar bolan, ýagny Hindistan we Hytaý soňky ýyllar bilen deňeşdirilende ep-esli haýallajakdygy barasynda çaklamalar bar.
Dünýä bazarynyň ýagdaýyna Hytaýda we ABŞ-da amala aşyryljak satuwlaryň göwrümi täsir eder. Amerikaly sarp edijiler, 2020-nji ýylda elektron söwdasyna 709,78 milliard dollar sarp ederler diýlip garaşylýar, bu bolsa 18.0 göterim artyş bolar. Hytaýda sarp edijiler 2020-nji ýylda 2,090 trillion dollar (14,440 trillion ýuan) sarp edip, bu görkezijiniň 16.0 göterim ýokarlanjakdgyna garaşylýar, emma şol bir wagtda bu görkeziji pandemiýadan öňki çaklamadan 7,7göterim pesdir.
Elektron söwdasynyň göwrümi boýunça Hytaý öňden bäri dünýäde öňdebaryjy bolup gelýär, emma 2020-nji ýylda umumy bölek satuw söwdasy boýunça ABŞ-dan öňe geçip, dünýädäki iň uly bölekleýin satuw bazaryna öwrüler – onuň umumy satuwynyň göwrümi bolsa 5.072 trillion dollar (35.043 RMB) trillion) bolmagyna çaklamalar bar, şol bir wagtda ABŞ-nyň bazary hashem peseler (4-nji grafik).
4-nji grafik
Elektron söwdanyň ösüşiniň geljegine dürliçe baha berilýär, emma umuman alanyňda, ähli çeşmeler bütindünýä pandemiýa çökgünliginiň sanly tehnologiýalaryň ösüşiniň möhümdigini äşgär etdi, dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly bölek satuwlarynyň umumy göwrümindäki elektron satuwlarynyň paýynyň soňky ýyllarda ortaça depginler bilen ösen bolsa, 2020-nji ýylda has hem depginleşdi (5-nji grafik) [9].
5-nji grafik.
Ýokarda getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly halkara derejesinde amala aşyrylýan söwda amallarynyň düzüminde onlaýn amallarynyň sanynyň ýokarlanma tendensiýasynyň bardygny görkezýär. Bu bolsa ýene-de bir gezek sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegini aňladýandyr. Geliň indi bolsa nagt däl tölegler ulgamynda garaşylýan üýtgeşmelere seredeliň.
PwC maslahat beriş kompaniýasy «Payments 2025 & beyond» hasabatyny çap etdi[17]. Bilermenler banklaryň we töleg kompaniýalarynyň nagt däl tölegleriň garaşylýan ösüşinden özleriniň girdejilerini artdyryp biljekdigini çaklaýarlar.
Maliýe pudagynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli amala aşyrylýan özgertmeleri bolup geçýär. Şeýle-de bolsa, pandemiýa başlamazdan ozal hem töleg-hasaplaşyk amallaryny geçirmekligiň täze usullary işjeň ornaşdyrylyş başlandy: QR kodlary ýa-da ykjam enjamlarynyň üsti bilen geçirilýän tölegler. Elektron tölegleriniň bazary gelejekki on ýylyň dowamynda çalt öser diýen umyt bar: PwC kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dünýäde nagt däl tölegleriň sany takmynan 1 trillion amaldan 1,9 trilliona çenli, ýagny 80 göterim ýokarlanar. 2030-njy ýyla çenli olaryň sany ýene-de 61 göterim artyp, 3 trillion geleşik bolar diýlip çaklanylýar.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, nagt däl tölegleriň ösüşiniň iň ýokary depginleri Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde bolar, ýakyn 5 ýylda – 109 göterim, 2030-njy ýyla çenli ýene 76 göterim. Şeýle hem bu bazar Afrikada yklymynda (degişlilikde 78 we 64 göterim ösüşe garaşylýar) we Ýewropada (tölegleriň sany 2025-nji ýyla çenli 64, 2030-njy ýyla çenli 39g öterim artar) ýokary depginler bilen öser diýlip çaklanylýar[17].
Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, düýpgöter özgerişlik iki ugurdaş ugry öz içine alýar. Töleg tehnologiýalarynyň ewolýusiýa ösüşi bar (derrew tölegleri öz içine alýar; tölegleri we talaplar boýunça tölegleri; sanly gapjyklary), şeýle hem rewolýusiýa (bular tölegleriň gurluşynda we ekosistemada gurluş üýtgemeleri – şeýle ýüze çykmagy; “häzir satyn alyň, soň töläň” teklipleri; kriptografik walýuta; merkezi banklaryň sanly walýutalary).
PwC kompaniýasynyň bilermenleriniň pikirine görä, töleg-hasaplaşyk hyzmatlary bazaryndaky üýtgeşmeler banklaryň we töleg-hasaplaşyk kompaniýalarynyň girdejileriniň ýokarlanmagyna getirer. 2020-nji ýylda banklaryň töleg amallaryndan alan girdejisi 342 milliard ABŞ dollar bolan bolsa, 2025-nji ýyla çenli 447 milliard dollara, 2030-njy ýyla çenli 561 milliard dollara çenli artyp biler diýen çaklamalar bar.
Mundan başga-da, töleg amallarynyň üsti bilen bank edaralarynyň özleriniň müşderileri barasyndaky maglumatlaryň takmynan 90 göterimini toplaýarlar: ýagny olaryň satyn almalary, bu geleşikleriň ýeri we wagty barasyndaky maglumatlar. Şeýlelikde banklar we töleg kompaniýalary bu maglumatlaryň üsti bilen goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik alýarlar. Emma şol bir wagtyň özünde, maglumatlaryň ýaşyrynlygy we gizlinligi bilen baglanyşykly töwekgelçilikler hem göz öňünde tutulmalydyr. PwC kompaniýasynyň geçiren sorag-jogap amaly hem bu töwekgelçilikler baradaky oýlanmalaryň örä aladalydygyny tassyklaýar: sorag-jogaba gatnaşanlaryň edaralaryň ýarysyna golaýy maglumatlaryň gizlinligini we kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegi ýakyn bäş ýylda esasy aladalary hökmünde görkezýärler.
Türkmenistanyň mysalynda häzirki döwürde töleg ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ençeme döwletlerde internet arkaly bank hyzmatlaryny alyp barýan banklaryň işi nusga alarlykdyr. Sebäbi bu günki gün wirtual bank hyzmatlary müşderileri diýseň özüne çekýär. Internet-bank, şol sanda mobil-bank hyzmatynyň ýylyň her gününde we sagadynda ýerine ýetirilmegi müşderiniň islendik bank amalyny hemişe we islän ýerinde ýerine ýetirip biljegini aňladýar.
Hakykatdan hem, geçen 2020-nji ýylyň maglumatlaryny seljersek, onda bu çäre raýatlar üçin bank kartlary bilen diňe bir eýýäm adaty hyzmata öwrülen töleg terminallaryň üsti bilen däl-de, eýsem uzakara söwda amallary geçirmeklerine özboluşly itergi bolup çykyş edendigi görünýär. Geliň şonuň üçin bankomatlar, töleg terminallar, “Internet-bank”, “Mobil-bank”, “Elektron söwda” ulgamlary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen hasaplaşyklaryň möçberleri barasyndaky alty aýyň makroykdysady görkezijilerine seljerme bereliň [4].
2-nji tablisa
Görnüşi Sene | Bankomatlar üsti bilen | Töleg terminallar üsti bilen | “Internet-bank” ulgamy arkaly | “Mobil-bank” ulgamy arkaly | “Elektron söwda” ulgamy arkaly | Jemi |
01.02.2021 | 16115817 | 631159292 | 50289 | 638289 | 23869391 | 671 833 078 |
01.03.2021 | 34290846 | 1369667114 | 137002 | 1217168 | 51620185 | 1 456 932 315 |
01.04.2021 | 53341269 | 2188698352 | 220937 | 1992724 | 84320118 | 2 328 573 400 |
01.05.2021 | 72010322 | 3002464554 | 289392 | 2700485 | 117096329 | 3 194 561 082 |
Ýokarda getiirilen tablisadan görnüşi ýaly, Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar has hem gerim alýar. Olaryň arasynda hem internet bilen baglanyşykly söwda we töleg amallarynyň ösüş depgini has hem ýokarydyr. Bu bolsa Türkmenistanda sanlylaşdyrylma işleriniň depginli alnyp barylýanlygynyň hem-de ýurduň ilatynyň maliýe sowatlylygynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýokarda getirilen maglumatlardan ugur alyp halkara we milli elektron täjirçilik ulgamynda soňky ýyllaryň dowamynda ösüşiň bolandygyny, COVID-19 pandemiýasynyň bolsa onlaýn söwdasynyň ösüş depginini has hem depginleşdirendigini görkezýär. Geçirilen seljermeler bu hadysalaryň halkara elektron we sanly tölegler ulgamyna gönüden-göni täsiriniň bardygyny görkezýär. Gelejekde hem bu gatnaşygyň has hem aýdyň boljakdygy bellärliklidir.
B. Gurbansähedow
TDYDI-niň aspiranty
Edebiýatlar
- COVID-19 and the future of business / IBM. URL: https://www.ibm.com/ thought-leadership/institute-business-value/report/covid-19-future-business (accessed: 24.02.2021).
- Declaration on Global Electronic Commerce, Adopted on 20 May 1998 // Ministerial Conference, Secon Session, Geneva, 18 and 20 May 1998, WT/MIN (98)/DEC/2, 25 May 1998, (98-2148). URL: http://www.wto.org/english/tratop_e/ecom_e/wkprog_e. htm (accessed: 20.02.2021).
- E-commerce, trade and the COVID-19 pandemic/ WTO. URL: https://www. wto.org/english/tratop_e/covid19_e/ecommerce_report_e.pdf (accessed: 09.02.2021).
- E-commerce in the pandemic and beyond / V. Alfonso, C. Boar, J. Frost, L. Gambacorta, J. Liu // BIS Bulletin. 12.01.2021. № 36. URL: https://www.bis.org/publ/ bisbull36.pdf (accessed: 08.02.2021). ЭКОНОМИКА 81
- E-commerce Report Global-2019 / eMarketer. URL: https://www.ecommercefoundation.org//free-reports (accessed: 10.02.2021).
- E-commerce Report Global-2020 / eMarketer. URL: https://www.ecommercefoundation.org//free-reports (accessed: 18.02.2021).
- GlobalDigital 2021 / GlobalDigital. URL: https://wearesocial.com/blog/2021/07/ digital-2021-the-latest-insights-into-the-state-of-digital(accessed: 20.02.2021).
- Report Consumer trends in 2021 / GlobalWebIndex. URL: https://www.global webindex.com/reports/trends-2021 (accessed: 10.02.2021).
- Тор Global Connecting the dot. Consumer trends that will shape 2020 / GlobalWebIndex. URL: https://www.globalwebindex.com/reports/trends-2020 (accessed: 10.02.2021).
- 30 Ecommerce-trends for 2021 [Survey Report] / SearchNode. URL: https:// searchnode.com/blog/ecommerce-trends/ (accessed: 24.02.2021).
- 2021 CEO Study: Find your essential / IBM. URL: https://www.ibm.com/thought-leadership/institute-business-value/report/ceo (accessed: 24.02.2021).
- Charting a course amid evolution and revolution.URL: https://www.pwc.com/gx/en/financial-services/fs-2025/pwc-future-of-payments.pdf
Teswirler