Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Teswirler