Ekologik bilim häzirki döwrüň wajyp meselesidir

Ekologik bilim ýöriteleşdirilmedik görnüşde gadymy döwürlerden bäri alnyp barylýar. Filosofiýany esaslandyryjylar bolan Konfusiýa, Lao-Szy, Demokrit, Aristotel öz ylmy işlerinde ekologiýa meseleler bilen bagly umumydünýä düşünjeleri beýan edipdirler. Köp sanly ylmy işlerde tebigat bilen ýlalaşykly ýörelgelere uly ähmiýet berlipdir, onda tebigat bilimde we terbiýede esasy faktor bolup çykyş edeýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem adamy ruhy taýdan kämilleşdirmek, erbet gylyk-häsiýetlerden el çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, tebigata bolan söýgüni döretmek hem-de bu meselelerde ýaşlara nusga bolmagyň ahlak göreldedigi görkezilýär. Täze döwürde ekologik bilim ýöriteleşdirilmedik görnüşde ekologik ylmyň döremegi we ösmegi bilen bilelikde alnyp barylýar.

          Ekologik bilim we terbiýe adam bilen tebigatyň sazlaşykly aragatnaşygynyň esasy serişdesi hökmünde ilkinji gezek UNESKO we BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy tarapyndan hödürlendi. 1972-nji ýylda daşky gurşawy goramak boýunça Stokgolmda geçirilen Maslahaty daşky gurşawy goramak çygrynda bilim bermegiň halkara maksatnamasyny döretmegi teklip etdi. Maksatnamany 1975-nji ýylda UNESKO BMG-niň daşky gurşaw boýunça iş topary bilen bilelikde taýýarlady.

          Ekologik bilim – bu adamlaryň özüni alyp barmaklygynyň ahlak kadalaryny emele getirmeklige gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw, özbaşdak we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim – ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly hünärmen mugallymlary taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär, ýagny ekologik bilim we terbiýe meselesine gatnaşýan ilatyň sany artýar, okuw dersleriň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen ekologiýa dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny hil taýdan kämilleşdirilýär. 

         Ekologik bilim bermek boýunça dürli ýurtlaryň amala aşyrýan işlerini BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy sazlaýar. Gurama ählumumy ekologik bilim mekdebe çenli edaralardan başlap, ýokary okuw mekdeplerine we hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan ulgama çenli bolan okuw maksatnamalarynyň merkezinde bolmalydygyny belleýär. Guramanyň tebigy ylmy ugur boýunça alyp barýan işleriniň hataryna “Adam we biosfera” maksatnamasy degişlidir.

       Dünýä tejribesinde ekologik bilim bermegiň mümkin bolan üç sany nusgasy ulanylýar. Olaryň birinjisi bir dersli bolup, onda ekologiýa gönükdirilen bir bitewi okuw dersi girizilýär. Ikinji nusgasy köp dersli bolup, onda adaty okuw dersleriň ekologiýalaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Üçünji nusgasy garyşyk görnüşde bolup, onda adaty okuw dersleriň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ekologiýa gönükdirilen täze ugurlar girizilýär. Bu nusgalaryň içinden garyşyk görnüşini ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, bu nusga ekologiýa dersiniň mazmunyny işläp taýýarlamaklygy, adaty okuw dersleri ekologiýalaşdyrmaklygy, şeýle hem daşky gurşawy öwrenmek boýunça amaly işleri geçirmekligi talap edýär.

Ekologik bilimi we bilim ulgamyny ekologiýalaşdyrmagy tapawutlandyrmak bolar. Olar özara baglanyşykly hem bolsalar, käbir jähtde dürli ýagdaýlar bilen häsiýetlendirilýär. Ekologik bilim – bu dürli häsiýetli we derejeli ekologik bilimi gös-göni öwrenmekdir. Bilim ulgamyny ekologiýalaşdyrmak – bu ekologik taglymyň, düşünjäniň, ýörelgeleriň, ugurlaryň beýleki derslere girizilmegini häsiýetlendirýär hem-de dürli ugurlar boýunça ekologik taýdan sowatly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Ekologik bilim çygrynda hukuk gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasa “Tebigaty goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny degişlidir. Kanun döwlet häkimiýeti tarapyndan hökmany ýörelge hökmünde amala aşyrylýan ekologik bilimi, terbiýäni we medeniýeti emele getirýän ulgamy guramagy we ösdürmegi kesgitleýär. “Tebigaty goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 57-nji maddasynda tebigaty goramak babatdaky bilim we terbiýe bilen baglanyşykly hukuk düzgünleri beýan edilen.

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň ählisinde bilim alýan talyplara ekologiýa we daşky gurşawy goramak okuw dersini okatmak ýola goýuldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” 2013-nji ýylyň 1-nji martynda kabul eden Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde ekologiýa dersi okadylyp başlandy. Bu bolsa öz gezeginde mekdep okuwçylarynyň ekologiýa boýunça döwrebap düşünje almaklygyna hem-de ýaş nesilde ösen ekologiýa medeniýetini kemala getirmeklige mümkinçilik berýär.

Ýazmuhammedow Begendik
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok