Oba hojalyk pudagyndaky innowasiýa

Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek häzirki zaman oba hojalygynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Bu babatda önümleriň hil taýdan arassalygyny ýokarlandyryp bilýän täze tehnologiýalaryň orny has ýokarydyr. Oba hojalygynda döwrebap tehnikalary ulanmak arkaly öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagy ondan alynýan girdejiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bir ýylda oba hojalyk önümçiliginden birnäçe gezek hasyl almaga mümkinçilik berýän innowasiýalar galyndysyz önümçiligi we önümi ýygnamagy hem-de saklamagy üpjün edýän tehnologiýalaryň üstüni ýetirýär.

ABŞ-nyň «Glenwood» kompaniýasynyň işläp taýýarlaýan programma üpjünçiligi bolan AgCode – üzümçilik hojalyklaryna önümçiligi dolandyrmaga kömek edýär, meýdandaky bar bolan maglumatlary belli bir binýatda, ulgamda saklamaga, hasyla gözegçilik etmäge, tebigy şertlerde üzümiň bişip ýetişmek derejesine we her bir işgär üçin çykarylan çykdaja gözegçilik etmäge kömek edýär.

Sample ulgamy – gök önümlerde iýmit patogen maddalaryny test arkaly ýüze çykarmaga kömek edýän enjamlar we programma üpjünçiligidir.

Bright Farms – şäher şertlerinde önümi ýerleşdirip bolýan ýerleriň golaýynda ýyladyşhanalary gurmak taslamasyndan ybarat bolup durýar.

CropX – suwaryş ulgamy bolup, ol Ysraýyl döwletinde oýlanyp tapyldy. Bu suwaryş ulgamy topragyň görnüşini, çyglylygyny we relýefini hasaba almak bilen, ýerleri aýratyn böleklere bölmek arkaly oňa sarp edilýän suwa gözegçilik edýär we energiýa çykdajysyny azaldýar. Bu nou-hau elektroenergiýanyň we suwuň 25 göterimini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

«Tal-Ya» kompaniýasynyň önümi bolan, howadan yzgary ýygnaýan konteýner enjamlary ösümlikleriň suwa bolan zerurlygynyň 50 göterimini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Plastikden gurlan bu enjamyň bahasy elýeterli bolup, ol 10 ýyla çenli hyzmat edip bilýär.

Ýegenmyradowa Zöhregül
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň
II derejeli mugallymy 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok