Türkmenistanyň Durnukly ösüş strategiýasynyň maksatlary we wezipeleri

Durnukly ösüş meseleleri dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan üçin hem aýratyn derwaýys bolup durýar. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözünde “Şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys” diýip belledi.

2016-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini, wezipeleriň 148-ni we görkezijileriň 187-sini tassyklady. Dünýä derejesinde görkezijileriň üýtgemegi bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň awgustynda 15 görkeziji aýryldy, 14 görkeziji üýtgedildi we 3 görkezijä goşmaça goşuldy. Görkezijileriň milli sanawynyň üýtgedilmegi netijesinde häzirki wagtda ýurtda 148 wezipe we 175 görkeziji tassyklanyldy. Kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we olaryň amala aşyrylyşy barada hasabat bermek maksady bilen, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda monitoring ulgamynyň institusional gurluşy tassyklanyldy hem-de DÖM ornaşdyrmak boýunça Iş topary döredildi. Döwlet gullukçylarynyň we talyplaryň arasynda, jemgyýetçilik guramalarynda, milli ykdysadyýetiň hususy böleginde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça bilimleri ýaýratmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Ylmy-usulyýet merkezi döredildi.

Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ýurtlaryň ilkinjileri bolan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we ösüşiň maksatnamalaryny hem-de geljekki meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda, amala aşyrmakda Durnukly ösüş maksatlarynyň binýatlaýyn ölçeglerini, görkezijilerini ulanmak bilen, şol işi ulgamlaýyn esasda alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalar, strategiýalar we meýilnamalar özüne esasy ugurlaryň biri hökmünde DÖM-niň yzygiderli amala aşyrmak wezipelerini birleşdirýär. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», beýleki milli meýilnamalar we ösüş strategiýalary durnukly ösüşi gazanmaklyga gönükdirilendir.

 «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy üç ugruna, ýagny: durnukly ykdysady ösüşe, durmuş böleginiň ösdürilmegine we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Maksatnama ykdysady ulgamyň içerki esasy hem-de bazaryň zerur bölegi hökmünde bazar düzümine çalt geçmäge ugur alýar. Ol harytlaryň, hyzmatlaryň, maliýe serişdeleriniň, tehnologiýalaryň, işçi güýjüniň we beýlekileriň üznüksiz hereketini üpjün edýän kärhanalaryň we edaralaryň toplumyny alamatlandyrýar. Onuň döredilmegi anyk ulgamyň pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmäge, ilatyň iş bilen meşgullanmak derejesini giňeltmäge, milli ykdysadyýetde kiçi we orta telekeçiligiň işjeň işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Durnukly ösüşiň ugurlarynda şeýle hem senagat pudagynyň we hyzmatlar ulgamynyň düzümleýin özgerdilmegi göz öňünde tutulýar. Şol ulgamlar bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýokary goşulan bahaly önümleri çykarmak boýunça ýokary tehnologiýaly önümçilikleri goldamaga aýratyn üns berilýär. Döwlet eýeçiliginiň desgalaryny hususylaşdyrmak, öňdebaryjy ylmy hem-de dolandyryş we önümçilik ulgamyndaky tehnologik gazananlary ulanmak arkaly kärhanalaryň işini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Sanly ulgamy giňeltmek we has netijeli ornaşdyrmak arkaly dolandyryş ulgamynyň täzelenmegi ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirmek üçin esas döredýär.

Eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de import garaşlylygyny peseltmek maksady bilen, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak hem-de içerki bazarlary ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde Türkmenistanda ýeterlik derejede ösen bazar düzümini döretmäge hem-de ählumumy ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty amala aşyrmagy netijesinde, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ykdysadyýetde we durmuş pudaklarynda bolşy ýaly, ekologiýa ulgamynda oňyn netijeleri gazanandygyny bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere uly ähmiýet berýär hem-de olary  çözmek bilen baglanyşykly giň möçberli işleri amala aşyrýar. Türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşykly alyp gitmek, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek maksady bilen 2019-njy ýylda    “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy” (rejelenen görnüşi) kabul edildi.                                                             

Hallyberdi BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň uly mugallymy,
geografiýa ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok