Mikromaliýeleşdirme işi döwrebap hyzmatlaryň görnüşidir

        Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet baştutanlygynda  ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

“Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem, bu ugurda iş alyp barmak isleýän mikromaliýe guramalryny döretmegiň we olaryň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk hem-de ykdysady esaslaryny kesgitleýär. Şeýle hem, ýurdumyzda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Mikromaliýeleşdirme düşünjesi bu mikromaliýe guramasy tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara mikromaliýe hyzmatlarynyň şertnama boýunça edilmegidir.

Mikromaliýe guramasy bolsa Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda mikromaliýe hyzmatlaryny etmek boýunça işleri amala aşyrýan karz däl edaradyr.

Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda mikromaliýe guramalary ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilýär we gurama döwlet tarapyndan bellige alynmagy bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Mikromaliýeleşdirme işiniň esasy maksady ýurdumyzyň maliýe hyzmatlarynyň bazaryny hem-de hususy telekeçiligi ösdürmekden we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde mikromaliýeleşdirme işi onuň çygrynda maliýe durnuklylygyň üpjün edilmegi, hyzmatlar bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döredilmegi, bäsdeşligiň ösdürilmegi, ilatyň we hususy telekeçileriň maliýe resurslaryndan peýdalanyp bilmekleriniň ýönekeýleşdirilmegi, raýatlara öz işini guramagy şeýle-de, hususy ulgamda täjirçiligi ösdürmek üçin mümkinçilikleriň döredilmegi esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Mikromaliýe gurmasynyň degişli ygtyýarnamasy bolanda bellenilen tertipde öz ygtyýarlyklarynyň çäklernde mikrolizing amallaryny, mikrokarzlary we beýleki mikromaliýe hyzmatlaryny amala aşyryp bilýärler.

Mikromaliýe guramasynyň paýnamalarynyň çykarylmagy, ýerleşdirilmegi, edinilmegi, yzyna satyn alynmagy guramanyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de gurama mikromaliýe hyzmatlaryny öz hususy serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirýär. Şeýle-de mikromaliýe guramasy bolup biljek ýitgileriň öwezi dolmak üçin ätiýaçlyklary döretmäge hem borçly bolup durýarlar.

Mikromaliýeleşdirme işi boýunça hyzmaty amaşa aşyrmak, hyzmaty hödürleýäniň we onuň hyzmatyndan peýdalanýanyň arasynda baglaşylýan şertnamalaýyn häsiýete eýedir.

Mikromaliýe guramalary buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe, statistik hasabatlarynyň düzülmegini we tabşyrylmagyny hem-de resminamalaryň berk hasaba alynmagyny we saklanylmagyny üpjün edýärler.

       “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda döwrebap hyzmatlaryň ösdürilmeginde hem-de milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Nurmuhammet Allanurow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok