Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar hem-de makroykdysady görkezijileriň ösüşine we olaryň giňişleýin yzygiderli öwrenilmegine aýratyn uly üns berilýär.
Milli Liderimiz: “Bazar ulgamynyň häzirki zaman şertlerinde, aýratyn hem geçiş döwrüni başdan geçirýän ykdysadyýet şertlerinde, şol sanda türkmen ykdysadyýetinde döwletiň ykdysadyýeti sazlaşdyrmakdaky orny makroykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr” diýip belleýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde özleşdirilýän önümçilikleriň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, pul-karz we salgyt-býujet syýasatlaryny döwrebap kämilleşdirmek bilen alyp barmak, bahalaryň durnukly ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen, hümmetsizlenmäniň pes derejesini saklamak, iş bilen üpjünçiligi gazanmak we töleg balansynyň oňyn bolmagy üçin ykdysady amallaryň ýerine ýetirilmeginiň wajyplygy esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Makroykdysadyýet düşünjesi – bu tutuş ykdysadyýetň hereket etmeginiň kanunalaýyklygyny, ykdysady amallara gatnaşyjylaryň hem-de ykdysady bazarlaryň biri-biri bilen özara arabaglanşygyny öwrenýän we onyň durmuşa geçirilmegini gazanýan ylymdyr. Makroykdysadyýetde iri jemlenen makro görkezijiler peýdalanylýar.
Hormatly Arkadagymyzyň kabul edýän we uzak möhletli gelejegi nazarlandyrýan Döwlet Maksatnamalary, Konsepsiýalary we olary durmuşa geçirmek üçin tassyklanýan Iş Meýilnamalary öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ýurdumyzda makroykdysady syýasat alnyp barylýar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde makroykdysady görkezijilerine amatly bahanyň berilmegine, ykdysady pikirlenmäniň kämilleşmegine, beýleki ýurtlaryň ykdysady görkezijileri bilen deňeşdirmäge, geçirilýän dürli ugurly seljermeleriň açyklygyna we bazar şertlerinde özbaşdak dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Makroykdysady görkezijileriň emele getirilmegi üçin öwrenilýän ugurlaryň esasy bolmak bilen, olar ykdysady ösüş we onuň depginleriniň, ykdysady döwür we döwürdäki sebäpleriniň, iş bilen üpjünçiligiň gazanylmagynyň derejesiniň, bahalaryň durnukly bolmagynyň derejesiniň hem-de hümmetsizlenmegiň iň pes derejesiniň öwrenilmegi wajypdyr. Şeýle-de, pul serişdeleriniň dolanşygynyň we degişli ugurlar boýunça göterim derejeleriniň öwrenilmeginden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde aýry-aýry hojalygy alyp barýan ýuridiki we fiziki şahslaryň ykdysady taýdan özüni alyp baryşyny öwrenýän mikroykdysadyýetden tapawutlylykda makroykdysadyýet tutuş ykdysadyýet üçin umumy meselelelri öwrenýär we umumy jemlenen maglumatlardan peýdalanylýar.
Netijede, degişlilikde, jemi içerki önüm, jemi öndürilen önüm, milli girdejililik, jemi hyrydarlylyk, jemi hödürlemek we jemi sarp etmek, bahalaryň umumy ýagdaýy hem-de maýa goýumlar ýaly ugurlar esasy görkezijiler bolup durýar.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde ýadawsyz tagallalary edýän hem-de şetleri we giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!
Nurmuhammet Allanurow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy
Teswirler