Jemgyýetçilik işi boýunça täze hünärmenler degişli okuwlaryny tamamladylar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan jemgyýetçilik işi boýunça täze hünärmenler üçin okuw sapaklary doly tamamlandy.

45 günlük okuwy tamamlanlaryndan soň, olara jemgyýetçilik işleri pudagynda ýokary hünär derejesini tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuwlar milli tälimçiler tarapyndan amala aşyrylyp, olar hem öz gezeginde Bolgariýanyň Sosial işi we tejribe institutyndan onlaýn okuw alypdylar. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok