Gazna biržasy – gymmatly kagyzlar bazary

    Maliýe usullarynyň görnüşiniň giňeldilmeginiň hasabyna ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde serişdeleri netijeli paýlamak, ýokary möçberli diwidentleri tölemek, şeýle-de, durnukly esasda uzak wagta maýa goýumlary çekmek maksady bilen, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

    Gymmatly kagyzlar arkaly edara-kärhanalaryň, guramalaryň we hususy telekeçileiň hem-de raýatlaryň pul süýşürintgileri hakyky maddy gymmatlyklara öwrülýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň häzirki wagtynda esasy maliýe gurallary arkaly artýan pul serişdeleriniň paýlanylmagyny amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazary emele gelýär we ol kämilleşdirilýär.

    Aslynda, gymmatly kagyzlar düşünjesi – bu gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlaryň emissiýasy we dolanşygy bilen baglanşykly gatnaşyklarynyň jemidir.

    Gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen bagly bolup durýar.

    Halkara  tejribesinde belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar bazary, bu  gazna bazary diýen düşünje bilen bile ulanylmagy ýöne ýerden däldir. Sebabi, gazna bazaryny “Biržasyz” göz öňüne getirmek mümkin däldir.       

     Birža – bu söwdany amala aşyrýan araçyl dilerler üçin niýetlenen, ýörite ugurly döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bazar ýeridir.

     Ýurdumyzda hereket edýän we täze döredilýän paýdarlar jemgyýetlerine gymmatly kagyzlar babatynda geleşikleriň amala aşyrylyşy barada gerekli zerur maslahatlaryň yzygiderli berilmegi, bu ugurlarda iş alyp barýanlara hem-de gyzyklanýan taraplara mahabat işleri babatynda giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, şol bir wagtda döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenmeginiň hem-de hususy taraplaryň paýnamalaryny dolanşyga çekmegiň ýola goýulmagyny şertlendirýär.

    Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribesine laýyklykda, sanly gurşawyň döredilmegi bilen, ýurdumyzda hereket edýän “Aşgabat” gazna biržasynyň ösüşinde hem öňedilşikleriniň gazanylýandygyny görkezýär.

   Ýurdumyzda hereket edýän “Aşgabat” gazna biržasy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen döredilen ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Gazna biržasydyr.

    Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi häçe köp boldugyça, şonça-da maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzümi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň ösmegine ýardam berýär.     

     Gazna bazary-bu maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolup, döwletiň maýa goýum ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän döwründe ykdysady ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy gymmatly kagyzlar bazarynyň ösüş derejesine bagly bolup durýar we bu häzirki wagtda başlangyç derejesinde hereket edýär. Gazna bazarynyň herekete getirilmegi häzirki döwürde, ýagny eýeçiligiň dürli görnüşiniň we telekeçilik işiniň kämilleşýän wagtynda örän wajyp gurallaryň biri bolup durýar.

    “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Halkbank” PTB-nyň, “Senagat” PTB-nyň we “Rysgal” PTB-nyň paýnamalaryny resmi sanawyna goşdy we gazna biržasynda birža söwdalary geçirilip, olarda agzalan banklaryň paýnamalaryny satmak-satyn almak boýunça geleşikler amala aşyryldy.

    Şeýle işleriň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bagly döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!  

Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok