25-nji iýunda Lebap welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Muzeý işiniň hünärmenleri, döredijilik işgärleri we sungat ussatlary taryhy-medeni desgalaryň ýerleşýän ýerlerine bardylar hem-de şol ýerde ýerli ilat we hünärmenler bilen duşuşdylar.
Tanyşdyrylyş gezelenjiň çäklerinde Kerki etrabynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanda XI asyryň binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri bolan Alamberdaryň kümmetine hem-de XI-XII asyrlara degişli metjitden we kümmetden ybarat bolan Astanababa ýadygärlik toplumyna hem-de Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde müň ýyl mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýyna we gadymy Amul şäherine baryp gördüler.
Türkmen halkynyň taryhy kökleriniň gadymylygynyň, onuň adamzat medeniýetine goşan goşandynyň nusgasy bolan bu ýadygärliklere baryp görmek däpleriň dowamatlylygyna, olaryň şu günki ösüşine bagyşlanyp geçirilen döredijilik forumyň möhüm bölegi boldy.
Bu mowzuk etraplaryň medeniýet öýlerinde guralan “Arkadagly Watanda sarpalydyr sungatymyz” atly döredijilik duşuşyklarynda öz beýanyny tapdy.
Çykyşlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwerlik syýasaty, onuň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, halkymyzyň baý medeni mirasyny we ýeten sepgitlerini halkara derejede wagyz etmek hem-de ýaş nesilleri ruhy-ahlak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Halk hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetiren ýurdumyzyň bagşy-sazandalary we tanymal şahyrlary bilen geçirilen duşuşyklar welaýatyň ilaty üçin hakyky sowgat boldy.
Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen bolan duşuşyk Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge bagyşlandy.
Kinematografiýaçylar Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde kino düşürmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler we ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdiler.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde kino görkezilişler guraldy, kinolentalar dürli žanrlarda bolup, olaryň köpüsi Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ilkinji gezek görkezildi. Tomaşaçylar doly möçberli we gysga möçberli çeper filmlere tomaşa etdiler: olaryň içinde “Obada bolan waka” komediýasy, “Göroglynyň döreýşi” taryhy kinopowesti, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri esasynda düşürilen “Jeýhunyň ýakasy”, oba ýaşlary barada “Ene toprak”, türkmen awiatorlaryna bagyşlanan “Ülkämiň kuwwatly ganaty” hem-de sporta bagyşlanan “Kämillige ýol” filmleri we “Paý” atly täze multfilm, şeýle hem “Aşgabat bahary” festiwalynyň ýeňijileri bolan “Meniň kakam”, “Netije”, “Owaz”, “Aktýor” gysga ölçegli filmler bar.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara üç dost — ýaş esgerleriň ykbaly barada gürrüň berýän iki bölümli “Durmuş kyssalary” atly kinofilm görkezildi.
Lebap welaýatynyň merkezinde geçirilen döredijilik çäresinde “Bitaraplyk” seýilgähinde, suw howdanynyň ýanynda ýerleşen, “Türkmeniň toý döwresi” sahna meýdançasynda Mary we Lebap welaýatlarynyň sungat ussatlary Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin çykyş etdiler.
Teswirler