DIL BILEN — IL GEZER

Häzirki ylym-bilimiň has ösýän döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Daşary ýurt dillerinde gürläp bilmeýänlere näwagt öwrenmäge başlamaly diýen tebigy sorag ýüze çykýar.

Dürli dilleri öwrenmek islendik ýaşda-da gyzykly, özüneçekiji bolýar. Bu ugurda dünýä alymlary dürli ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Şolaryň käbirlerine garanyňda, ýaşajyk çagalar täze dilleri ululara seredeniňde, has çalt öwrenýärler diýen netije çykarýarlar. Soňky barlaglarda alymlar dilleri has netijeli öwrenmegiň ýaş möhletini has-da peseltdiler. Eýsem, bu 10 ýaşly çagalardan ýokary ýaşdakylar daşary ýurt dillerini öwrenmeli däl diýmegi aňladýarmy? Düýbünden beýle däl!

Käbir dilçileriň berýän maglumatlaryna görä, eger 10 ýaşdan ýokarylar islendik dili öwrenip başlasalar, olar bu dilde erkin gürlemegi başarmazlarmyka diýen soragy orta atýarlar. Bu olaryň 10 ýaşdan ýokarda dil öwrenmek ukybynyň peselip başlaýandygy üçin däl, olar henizem dili çalt öwrenmegi başararlar diýip belleýärler.

Dilleri öwrenmekde kiçi ýaşly çagalaryň aňy, ýatkeşliginiň artykmaçlygy birnäçe sebäpler arkaly düşündirmek bolar. Alym Joshua Hartshornenyň tassyklamagyna görä, täze maglumatlary kabul etmekde çagalar ululara garanda has ukyply. Islendik bilim, maglumat beýniň üýtgemegine, ösmegine getirýär. Ýaşajyk çagalaryň beýnileri bolsa bu özgermelere has çalt uýgunlaşýar. Şeýle-de, ýaş çagalar ululardan tapawutlylykda, täze zatlary uly höwes we ýeňillik bilen kabul edýärler. Dil öwrenilende, eger ulular ene dilindäki grammatik kadalary we nusgalary daşary ýurt dilindäki bilen deňeşdirip öwrenjek bolýan bolsalar, çagalar bu düzgünleri «arassa tagtaň ýüzünde», ýagny gös-göni daşary ýurt diliniň nusgasynda kabul edip öwrenýärler.

Sosiologik barlaglaryň esasynda alymlaryň ýene bir nygtaýan zatlary: dil näçe ir öwrenip başlanylsa, ol şonça-da çaganyň aňynda berk galýar; ýaşajyk çaga ene dili bilen daşary ýurt dilleriniň arasyndaky tapawutlyklary anyklajak hem bolmaýar; onuň üçin olaryň ikisini-de deň derejede ulanýar.

Gülşat HOJAMGULYÝEWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok