“Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi

25-nji iýunda “Azyk howpsuzlygy ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Oňa Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekilleri, birnäçe ylmy-barlag edaralarynyň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtly alymlar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Forumda azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda seçgiçilik, sort-synag we tohumçylyk ulgamlarynda GDA döwletlerindäki hem-de Türkmenistandaky işleriň ýagdaýy, kesellere we zyýankeşlere garşy durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmek, ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işleri barada habarlar diňlenildi.

Bu baradaky meseleler bilen GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň wekilleri, Bütinrussiýa mekgejöwen ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa şalyçylyk ylmy-barlag institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň gök ekerançylyk federal ylmy merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň ot-iýmlik federal ylmy merkeziniň, Özbegistan Respublikasynyň Andižan dänelik we kösükli däneli ekinler ylmy-barlag institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ýolbaşçylary hem-de ylmy işgärleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok