Baýramçylyk dabarasy geçiridi

«Gülzemin» söwda dynç alyş merkeziniň kiçi toý we dabaralar merkezinde baýramçylyk dabarasy geçiridi.


24.06.2021 senesinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi dabaralandyrmak maksady bilen «Arkadagly gül Diýarda, toýlar toýa ulaşýar» atly konsert gecirildi. Konsertde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärlerini baýramçylyk güni bilen gutladylar we Magtymguly Pyragynyň şygryýeti barada gürrüň etdiler. şeýle hem konserte Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň aýdym saz we tans toparlary çykyş editdiler. Olar öz çykyşlarynda myhmanlara ajaýyp aýdym sazlary we milli tanslary ýerine ýetirip berdiler.
Dabaraly konderti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymy gurnady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok