Ykdysady ösüşleriň lirikada aňladylyşy

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň
şygryýet agşamyna bagyşlanýar.

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp eýýamynda – Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylan ägirt uly ykdysadyösüşler şu  ajaýyp döwrümiziň türkmen edebiýatynda «aklyk»pelsepesi [1]/[2]  bilen aňladylýar. Bu pelsepäni «Sen ak atda, sen gyr atda, ganatda» atly goşgusynyň, «Ak güller», «Ak kepderi» atly uly göwrümli liriki poemalarynyň esasynda häzirki zaman türkmen edebiýatyna tema täzeçilligi hökmünde getiren ussat halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewadyr[3]. Onuň ady agzalan ýokarky eserlerinde hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyryşynda alyp barýan ajaýyp ýoly, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri, milli Liderimiziň uly şahsyýeti tutuşlygyna aklyga beslenen, aklykdan gözbaş alan misilsiz ägirtlik hökmünde wasp edilýär, hem-de mähriban Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlar aýdylýar. Şahyr bu liriki poemalarynyň:

                                       –  Ak göwnüň deý ak kepderiň asmanda,
                                       –  Ak gülleri yrym edensiň, Mähriban.
                                       – Gülleriňden galkynýandyr günlerimiz,
                                        – Gül deý öwşün atdy ýerasty baýlyk – diýen setirlerinde göçme manyly sözleri, ritoriki ýüzlenmäni, meňzetmeleri ýerlikli peýdalanmaklyk bilen, öz eseriniň çeperçiligini has-da ýokarlandyrypdyr[4]. Diýmek, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa häzirki ajaýyp döwrümiziň edebiýatyna şu günüň ýüzüni şöhlelendirip, zamanamyzyň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly täze bir möhüm temany getirdi. Ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly «aklyk» pelsepesidir[5]/[6]. Bu pelsepe Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewadan zamanamyzyň şahyr nesillerine tema täzeçilligi hökmünde jöwhermaýa gönezligi boldy[7]. Belli edebiýatçy alymymyz Öde Abdyllaýewiň: «Çeper edebiýatda tebigatdaky zatlar, hadysalar suratlandyrylmak bilen adam durmuşyndaky şoňa çalym edýän zatlaryň, hadysalaryň aňladylýan – beýan edilýän wagtlary-da bolýar. Oňa simwol diýilýär[8].» – diýen ylmy pikir garaýyşlaryna esaslansak, «aklyk» pelsepesini – «aklyk» siwoly diýip hem atlandyryp bolar. Muňa mysal hökmünde bolsa, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly gazanyp, özünden artan gallany daşarky bazarlara ýerleýändigine, öz ösdürip ýetişdiren pagtasyny özüniň senagat taýdan gaýtadan işleýändigine uly buýsanç hökmünde ýazylan Türkmenistanyň halk ýazyjysy AtamyratAtabaýewiň «Bugdaý»[9] atly şygrynyň:

                                                   Ine, indi ak ekinim – ak bagtym,
                                                    Türkmeniň abraýyn galdyrdy arşa – diýen, «Ak altynyň serpaýy»[10] atlygoşgusynyň:

                                                  Ak pagta – ak bagta deňelen pagta,
                                                    …Ak pagta – ak rysgal, baýlykdyr halka – diýen, Akmyrat Rejebowyň «Ak pagtanyň aýdymy»[11] atly şygrynyň:

                                                   Ak pagta – ak günleň gönezligidir… – diýen, şahyr Süleýman Ilamanowyň «Bereket täji»[12]poemasynyň:

                                                … Ak bugdaýy, ak pagtasy – aklyk geljegiň seniň,
                                                  Bu aklyga rowaç berýär, Dana Gerçegiň seniň – diýen, «Altyn asyr»türkmen kölüne bagyşlap döreden «Altyn köl»[13]atly şygrynyň:

                                              …Suwa inýär ak ýoly:
                                              Mülküm kölüm, mülküm köl“
                                             «Altyn kölüm, altyn köl»– diýen,

Akmyrat Rejebowyň «Altyn kölüň aýdymy»[14] atly goşgusynyň:

                                              Ak ýaýlama zynat berdi,
                                              Ak arzuwa myrat berdi,
                                              Ak ýollara ganat berdi,
                                               «Altyn asyr»  Türkmen köli – diýen, Lebap welaýatynda gurlan täze şäherçä hakyndaýazylan şahyr Aýjemal Omarowanyň «Berkararlyk aýdymy»[15] atly goşgusynyň:

                                              Adyň Garlyk, sen – aklygyň şäheri,
                                              Arkadagdan gülläp ösýän badyň bar…
                                            Garlyk diýmek aňladýar ol aklygy,
                                             Garlyk diýmek – rysgal, döwlet, bereket… – diýen setirlerini görkezmeklik bolar. Şahyr Aýjemal Omarowa «Berkararlyk aýdymy» atly bu ýokarky şygrynda simwol hökmünde aňladylan«aklyk» pelsepesiniň «rysgal, döwlet, bereket» manylarynda ulanylýandygyny şahyrana dilde aýan edýär. Häzirki ajaýyp zamanamyzyň şygryýetinde «Aklyk» pelsepesiniň – «aklyk»siwoly hökmünde aňladylyşyna şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň paýtagtymyz Aşgabatda 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» sammitine bagyşlap ýazan «Dünýä nazarynda ýene Aşgabat»[16] atly şygrynyň:

                                                 …Arkadagym beýik başlangyjyňyz,
                                                   Adamzadyň bagty, Dünýäň ak ýoly – diýen setirlerinde, Ogultäç Oraztaganowanyň 2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda işe girizilen Gündogar – Günbatar gaz geçirijisine barada döreden «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi»[17]atly goşgusynyň:

                                              «Ak ýol» bolar beýik ýoluň ýazgysy,
                                               Göwnüň götär alkyşlaryň ýagmasy,
                                               Watan şöhratynyň Göge galmasy,
                                                 Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi – diýen setirlerinde, paýtagtymyz Aşgabadyň 2011-nji ýylyň martynda durky düýpli täzelenen Çandybil şaýolyna bagyşlanyp döredilen Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Beýik ýoly bina kylan Arkadag»[18] atly şygrynyň:

                                                  – Ak ýollaryň uly dünýä sarydyr,
                                                    – Ak ýollaryň, ak göwnüňe kybapdyr –diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Gutly bolsun ýollar ýollar saňa»[19]atly goşgusynyň:

                                               …Şowlap duran ak ýol – Çandybil ýoly
                                                 Bezeg berýär bu gün mermer paýtagta – diýen, «Ýol gurmak – sogap iş, ýol bereketdir»[20] atly şygrynyň:

                                               Täze ýollar gurýar Arkadagymyz,
                                                 Türkmen ak ýollardan ynamly barýar… – diýen, şahyr Süleýman Ilamanowyň  «Arkadagyň ak ýollary – nurana»[21] atly şygrynyň:

                                               …Watanyň, türkmeniň, dünýäň bagty bar,
                                               Bu ak ýolda,bu owadan ýollarda.
                                               … Täze ýüpek Ýolly, ýüpek Ýürekli,
                                                 Ak bagta çagyrýar dünýäň ilini – diýen,  Kakamyrat Rejebowyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy barada ýazan «Synla, Arkadag»[22] atly goşgusynyň:

                                                          Ynha, ak «Awazaň»!
                                                                                          Synla, Arkadag!
                                                             …Ak daňlaryň gaýmak bolup çogmasy! – diýen, şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän täze «Altyn asyr» Gündogar bazaryna bagyşlap ýazan «Aşgabadyň ak bazary»[23] diýen şygrynyň:

                                                     Türkmen bazaryna «ak bazar» diýip,
                                                        Siňdiripdir aklygyny ýüregniň – diýen setirlerinde gabat gelmeklik bolýar. Ine, şu şygyr setirlerindenem görnüşi ýaly, häzirki zaman türkmen şygryýetinde tema täzeçilligi hökmünde peýda bolan «aklyk» pelsepesiniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatlardaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýändigine anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Ýeri gelende aýtsaň, döwrümiziň şahyrlarynyň şu günki günüň şygryýetinde has ýörgünlilik bilen peýda bolan «aklyk» pelsepe garaýyşlary, olaryň çeper döredijiliginde liriki mazmun dörediji serişde bolup hyzmat edipdir. Liriki mazmuny bolsa belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow özüniň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabynda has içgin düşündirmeklik bilen: «Liriki eseriň mazmuny şahyryň duýgusy bilen liriki ýaşaýyş tapan durmuşdyr. Liriki eserde durmuşy özünde janlandyryjy obýekti tapmak we ol obýektiň kesgitleýji taraplaryny saýgarmak, ähli şahyrlyk barlygyňbilen şol taraplara daýanmak lirikada obraz we obrazlylyk problemasy bilen aýrylmaz suratda baglydyr, liriki gahryman meselesi bilen aýrylmaz baglydyr. Başgaça aýdanyňda, liriki mazmuny, şonuň bilen-de lirikanyň düýp syry şu ýokarky taraplara obrazkeşbini berip bilmekde, olary obraza salyp bilmekdedir. Olary işläp bilmek diýmek obrazlaşdyryp bilmek diýmekdir.»[24] – diýip belleýär. Diýmek,«aklyk» pelsepesi zamanamyzyň şahyrlarynyň goşgularynda obraz derejesine çenli ösdürilipdir. Şunuň ýaly obraza edebiýaty öwreniş ylmynda simwoliki obraz diýilýändigini belli edebiýatçy alymymyz Öde Abdyllaýew: «Durmuşy şöhlelendirmekde özboluşly häsiýete eýe bolan çeper obrazlaryň biri-de simwolik obrazdyr. Simwolik obrazda jemgyýetçilik gurluşyň ýa-da ondaky haýsydyr bir hadysanyň häsiýetli sypatlary şertli formada jemlenip görkezilýär[25].» – diýen setirlerinde aýan edýär. Diýmek, ýokarda getiren goşgularymyzyň hemmesinde ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň ählisinde amala aşyrylýan oňyn syýasy özgertmeler «aklyk» simwoly bilen aňladylyp, liriki obrazda beýan edilýär. Şonuň üçin bu simwoly başgaça «aklyk» simwolik obrazy diýip hem atlandyryp bolar. «Aklyk» simwolik obrazy şahyrlarymyzyň döredijiliginde iki manynda: göni we göçme manylarda işlenipdir. Oňa mysal hökmünde paýtagtymyz Aşgabat barada «Ak Aşgabat» temasynda döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Aşgabat»[26] atly goşgusynyň:

                                                    Nazarlap barýarsyň ýagty geljegi,
                                                      Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat– diýen,  «Ýeke günde ýedi bina»[27] atly şygrynyň:

                                                     Ak guw ýaly bu ak jaýlar nyşany
                                                       Berkarar döwletiň, bagtyýar döwrüň – diýen, alym şahyr Ahmet Mämmedowyň «Aşgabadyň aşygy»[28] atly şygrynyň:

                                                    Aýdymy ak – keşbi ak,
                                                      Alyslardan görünýär ak baýdak deý binalar… – diýen, Goçmyrat Orazberdiýewiň  «Aşgabadym – ak bagtym»[29] atly şygrynyň:

                                          Ak şäher,
                                          Binalar ak gar mysaly,
                                          Olar gökden düşen meleklermikä?!
                                          Ýa-da asmanynda uçan durnalaň,
                                          Perinden gaçan ak ýeleklermikä?!
                                         Gözel şäher, ak guwdanmy ganatyň?!
                                          Ýollaryň ak – aklygy deý garlaryň.
                                           …Gijeleň – nur, gündizleriň gaýmakdyr. – diýen ajaýyp setirlerini  görkezmeklik bolar. Bu şygyr setirlerindäki «Ak Aşgabat» aňlatmasy göçme manyda «Bagtyýarlygyň şäheri» diýen manyny, göni manyda bolsa, «Ykdysady taýdan kuwwatly şäher» diýen manyny aňladýar. Ýeri gelende aýtsaň, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri ak mermer bilen örtülen şäher hökmünde gimnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi döwletimiziň halk hojalygynda ähli babatlarda öňegidişlige eýe bolunandygyny görkezýär. Çünki, başga hiç bir ýurtda biziň ýurdumyzdaky ýaly paýtagt şäheri ak mermerden bina edilen köşklere, jaýlara, desgalara duş gelmeklik asla mümkin däldir. Sebäbi ýurduň paýtagt şäherini tutuş ak mermere bürelen desgalar, jaýlar, köşkler bilen bina etjek bolsaň, döwletiň ykdysady taýdan kuwwatly, has ösen, beýik döwlet bolmagy gerek. Ine, şu nukdaýnazaryň özi hem, ak mermere bürelen paýtagty bolan ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň saýasynda ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsaň, beýleki bazar ykdysadyýetli ýurtlaryň häzirki zaman edebiýatynda ak bilen garanyň, ýagny haýyr bilen şeriň özara gutulgusyz ýiti göreşiniň beýany bolan çeper eserleriň agdyklyk edýän mahalynda, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiliginde diňe «aklyk»pelsepesiniň peýda bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl ykdysady syýasatynyň miwesidir. Çünki, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen raýatlarymyz 2019-njy ýyla çenli gazdan, elektrik togundan, suwdan, duzdan mugt peýdalandylar. 2019-njy ýyldan başlap bolsa, 2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda geçen Halk maslahatynda bütin halkymyzyň tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanyp, aýawly saklamaklyk baradaky teklibi nazara alnyp, ildeşlerimiz tebigy gazdan, elektrik togundan, suwdan, duzdan edil öňküsi ýaly mugt bolmasa-da mugtyň bäri ýanyndaky nyrhdan, örän elýeterli  bahadan peýdalanyp başladylar. Milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir» diýen şygaryna laýyklykda ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwlet tarapyndan berilýän otuz ýyl möhletli, örän ýeňillikli karz pullaryň esasynda, ýaşamaklyk üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri bolan, aňrybaş edilip gurlan, ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge hukugy bar. Şu hukukdan peýdalanýan  raýatlarymyz bolsa maşgalalary bilen bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda neşe serişdeleri düýbünden ýok edilip, sagdyn jemgyýet berkarar edildi. Ine, şunuň özi hem Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Barlygyňda arkaýyn biz Arkadag»[30] atly poemasynyň:

                                                   Al reňk, ak reňk, gülhana Watan,
                                        Mährem ogluň ýaly eziz sen eziz – diýen, şahyr Orazdurdy Atahanowyň «Şu Watanda»[31] atly şygrynyň:

                                                  Zemin tämiz,  aklyksüýt bolup çogýar,
                                                   … Şu Watanda, şu Watanda, Watanda – diýen, Ýaban Saparowyň “Eziz Diýar”[32] atly goşgusynyň:

                                                 Eziz Diýar! Gujak açýaň,
                                                   Ak inişli ýollar geldi – diýen ajaýyp setirlerinden-de we zamanamyzyň beýleki şahyrlarynyň döredijiliginden-de mälim bolşy ýaly, şygryýetimizde halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň yşaraty bolan «aklyk» pelsepesiniň kemala gelmeginiň esas özenidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň edebiýatynyň ykdysady lirikasyny gurşap alan «aklyk» pelsepesi hormatly Prezidentimiziň «aklyk» ýörelgesinden uj alýan beýik-beýik işlerine, ak ýol bilen barýan Watanymyzyň ak ertelerine halkymyzda, okyjylarda, şygryýet muşdaklarynda guwanmak-buýsanmak duýgusyny has-da ösdürip, Watana, ak ertelere bolan çäksiz söýgüni oýarýan, şeýle gowy hyzmatlary ýerine ýetirýän örän täsin temadyr.

Toýly Jänädow

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy


[1] Toýly Jänädow. Ak reňk dünýä döwletleriniň dünýägaraýşynda. «Bizness Reklama» gazeti. 03.11.2012. 2-nji sahypa

[2] Toýly Jänädow. Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi. «Nebit-gaz» gazeti. 20.08.2013. 2-nji sahypa

[3] Toýly Jänädow. Ak zat alnyňa ýagşy. «Garagum» žurnaly. 6.2014. 119 – 120 – 121 – 122-nji sahypalar.

[4] Toýly Jänädow. Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi. «Edebiýat we sungat» gazeti. 01.07.2016. 2-nji sahypa. 

[5] Toýly Jänädow. Ykbalyny söze baglan. «Zenan kalby» žurnaly. 08.2013. 9-njy sahypa

[6] Toýly Jänädow. «Galkynyşdan» galkynan şygryýet. «Nebit-gaz» gazeti. 18.02.2014. 7-nji sahypa

[7]Toýly Jänädow. Arkadagly zamana – belent ylham ynsana.  «Edebiýat we sungat» gazeti. 13.11.2015. 6-njy sahypa.

[8]Öde Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Türkmenistan döwlet okuw-pedagogik neşirýaty. Aşgabat – 1963. 180-nji sahypa.

[9] Atamyrat Atabaýew. Döwletli döwran. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2010. 23-nji sahypa.

[10] Atamyrat Atabaýew. Döwletli döwran. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2010. 28-nji sahypa.

[11] Akmyrat Rejebow. Bagtyýarlyk nagmalary. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014. 197–198.sah.

[12]«Edebiýat we sungat» gazeti. 18.07.2008. 3-nji sahypa.

[13]«Edebiýat we sungat»gazeti. 17.07.2009. 5-nji sahypa.

[14]Akmyrat Rejebow. Bagtyýarlyk nagmalary. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014. 57-nji sah.

[15]«Türkmenistan»gazeti. 08.06.2013. 3-nji sahypa.

[16]«Edebiýat we sungat» gazeti. 16.12.2008. 3-nji sahypa.

[17]«Galkynyş» gazeti. 23.12.2015. 3-nji sahypa.

[18]Gözel Şagulyýewa. Belentligiň asman – zemin arasy. TDNG. Aşgabat – 2011. 57-nji sah.

[19]Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 23-nji sahypa.

[20]Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 25-nji sahypa.

[21]«Edebiýat we sungat» gazeti. 28.04.2011. 2-nji sahypa.

[22]«Nesil» gazeti. 03.08.2013.  3-nji sahypa.

[23]«Edebiýat we sungat» gazeti. 18.02.2011. 2-nji sahypa.

[24]Rahman Rejebow. Liriki mazmun we şygyr sungaty. «Ylym» neşirýaty. Aşgabat –1968. 29 – 34-nji sahypa.

[25]Öde Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Türkmenistan döwlet okuw-pedagogik neşirýaty. Aşgabat – 1963. 127-nji sahypa.

[26] Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 17-nji sahypa.

[27] Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 19-njy sahypa.

[28] Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 38-nji sahypa.

[29] Aşgabat – aşyklaryň şäheri. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2013. 107 – 108 – 109-njy sahypalar.

[30] Gözel Şagulyýewa. Dünýäň özem gözellige aşykdyr.TDNG. Aşgabat – 2011. 30-nji sahypa

[31]«Garagum» žurnaly. 6.2011. 32-nji sahypa. 

[32]Ýaban Saparow. Sähra ýollary. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014. 25-nji sahypa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok