Ylham ýaýlasy – döwrüň aýnasy

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň
şygryýet agşamyna bagyşlanýar.

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň haýsy hem bolsa bir pudagynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan buýana-da ilerlemegi, ösüp-özgermegi, şeýle-de ildeşlerimiziň birnäçesiniň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanyp, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary babatda diýseň ähmiýetli bolan desgalaryň düýbiniň tutulyş ýa-da açylyş dabaralaryna ak pata bermeklik üçin şa gadamyny basan künjekleri –  zamanamyzyň şahyr halky üçin ylham ýaýlasyna öwrüldi. Şahyrlarymyzyň şeýle taryhy pursatlardan täsirlenip, bolup geçýän beýik özgerişliklere bolan ýürek buýsançlaryndan ýaňa gursaklaryndan syzlyp çykan şahyrana setirleriniň baý many-mazmuny döwrümiziň beýik ykdysady galkynyşlarynyň aýnasy bolup, ajaýyp zamanamyzyň ýüzüni anyk-aýdyň açyp görkezýär. Munuň özi bolsa, şu günüň edebiýatynyň-da döwür bilen aýakdaş gidip, döwür bilen deň-derejede ösmegine getirdi, hem-de onda «Taryhy žanryň», ýagny «Taryhylyk» diýen düşünjäniň döremeginiň düýp esas özenini düzdi. Bu düşünje belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda bellemegine görä, taryhy wakalary we şol taryhy wakalaryň içinde hereket edýän taryhy şahslary ýazyp görkezýän dürli žanrdaky eserleri alamatlandyrýar[1]. Diýmek, Taryhylyk – haýsy-da bolsa bir döwrüň ýa-da döwletiň anyk taryhy mazmunynyň onuň çeper eserlerinde ýüze çykmasydyr. Ine, şu anyk taryhy mazmun bolsa, esasan liriki eserlerde şahyranalyga ýugrulan pikir-garaýyşlar bilen çeper beýan edilýär. Çünki, şygryýetde gündelik taryhy wakalar öz wagtynda bada-bat seslenme tapýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda eýýamlaýyn öwrülişik bolanynda, durmuş hakykatlaryny dogruçyl beýan etmekde edebiýatda kyssa bilen deňeşdirilende şygyr has köpräk döredilýär[2], we döredilen döwrüniň taryhylygyny anyk-aýdyň ýüze çykarýar. (Seret: Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum»  žurnalynyň2013-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 39-nji sahypasy) Mysal üçin, ýurdumyzyň XIX asyrdaky durmuşy bilen baglanyşykly taryhy hakykatyny aýan edýän liriki eserler ýagny, şol döwürde Türkmenleriň Hywa hanyna we Buhara emirine garşy göreşi barada Seýitnazar Seýdiniň «Lebap, hoş indi», «Ärsarynyň ýigitleri», «Begler», «Bu gelen ýurduňyz mübärek bolsun», «Biçäre bolup geldim», «Döwrandan aýryldym» diýen, Gurbandurdy Zeliliniň «Watanym seni», «Salam Seýdi», «Nyşan Seýdi» diýen goşgulary, Garrygala söweşi, Gajarlaryň Mara ýörişi hakynda Abdysetdar Kazynyň «Jeňnama» poemasy döräpdir[3]. Bu liriki eserleriň dörän döwründen bäri öz zamanasynyň taryhyny bilmeklikde diýseň derwaýys bolşy deýin, biziň şu günki şahyrlarymyzyň liriki eserlerinde hem häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň henize çenli görlüp eşidilmedik ägirt uly ösüşleriniň şahyranalyga ýugrulyp çeper beýan edilen anyk taryhy mazmuny şu günki nesil üçin-de, geljekki nesil üçin-de hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň taryhyny öwrenmeklikde diýseň wajypdyr. Muňa mysal hökmünde, Demirgazyk – Günorta demir ýolunyň taryhy ähmiýeti barada  ýazylan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň «Demir ýoly – ömür ýoly» atly şygryny, şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň «Arkadagly, ajap çagly gül Watana söýgüden» atly goşgusyny, şahyr Dädebaý Nartyýewiň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi» atly şygryny we başga-da birnäçe liriki eserleri görkezmeklik bolar.

            Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň «Demir ýoly – ömür ýoly» atly şygrynyň:

                                    – Bir tarap Ýewropa, bir tarap umman – diýen, şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň

«Arkadagly, ajap çagly gül Watana söýgüden» atly goşgusynyň:

                 – Polat ýolum, gör-le uzap, pars aýlaga barypdyr – diýen setirlerinde[4] (Seret: Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.) bu demir ýolunyň Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna, Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna oňaýly we ykdysady taýdan bähbitli ýol bilen çykmaga mümkinçilik berjekdigi baradaky taryhy hakykaty, şahyr Dädebaý Nartyýewiň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi» atly şygrynyň:

                                      Şatlyk-Tejen, soňra paýtagt Aşgabat,
                                      Gökdepe, Baharly, Bamy ili şat…
                                      Öňde Bereket bar, Gumdag, Belek bar,
                                      Gaz ýoluna, gaz känine belet bar… – diýen şahyrana setirlerinde bolsa (Seret: Toýly Jänädow «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum» žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125-nji sahypasy) gürrüňi edilýän gaz geçirijisiniň başlanýan ýerinden gutarýan ýerine çenli jemi dokuz sany ýagny, Şatlyk, Tejen, Aşgabat, Gökdepe, Baharly, Bamy, Bereket, Gumdag, Belek gaz gysyjy beketleriniň gurulandygy we bu beketleriň ýerleşýän künjekleriniň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň, gaz bilen üpjünçiliginiň ýola goýlandygy hakyndaky taryhy hakykaty aýan etmegi häzirki zaman türkmen edebiýatynda-da «Taryhylyk» diýen düşünjäniň peýda bolmagyna getirdi.[5] Ýeri gelende aýtsaň, häzirki ajaýyp döwrümiziň edebiýatynda giň orun alan liriki eserlere içgin göz aýlanyňda «Taryhylyk» diýen ylmy düşünjäniň şu aşakdaky üç pursatda döreýändigine anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.

  1. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň haýsy hem bolsa bir pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmek barada Karara gol çeken ýa-da daşary ýurtly kärdeşleri bilen ylalaşyk gazanan mahalynda:Muňa mysal hökmünde şahyr Süleýman Ilamanowyň hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň maý aýynda Hindistan respublikasyna bolan resmi iş saparynyň taryhy ähmiýetini gyzgyny bilen bada-bat halka ýetirmegi maksat ednip, şol pursatda döredip, metbugatda neşir etdiren  «Arkadagyň nurly paýhas ummany» atly uly göwrümli şygryny görkezmeklik bolar. (Seret: Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy) Şahyr bu goşgusynda Gahryman Arkadagymyzyň Hindistan respublikasyna şol iş saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna täzeden seredilendigi we bu babatda resmi ylalaşyk gazanylyp taryhy Karara gol çekilendigi baradaky durmuş hakykatyny  iki halkyň öz Liderleriniň adyna aýdýan alkyş sözleriniň esasynda uly buýsanç bilen beýan edip: 

                                   Hormatly Prezidentimiz
                                   Gurbanguly Berdimuhamedow,
                                   Premýer ministr Manmohan Singh
                                   Türkmen gazyna – dünýä ýüzüne ak ýol,
                                   Açdylar, göterler iki dost ykbal –
                                   Gazyň baý ojagy – bu Türkmenistan!
                                                      Baý bazarly – gençli bolar Hindistan!  – diýen ajaýyp şygyr setirlerini dile getirýär. (Seret: Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary) Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwletli diýarym, baýlygym barym», alym şahyr Ahmet Mämmedowyň «Mawy gazym lowurda» atly goşgulary hem hormatly Prezidentimiziň Hindistana bolan şol resmi saparyndan soň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň dörediljekdigi hakyndaky taryhy Karara çäksiz buýsanjyň esasynda 2010-njy ýylda ýazylan şygyrlardyr.[6]/[7] Şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň  «Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat» atly goşgusy bolsa Aşgabatda geçirilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan sammetiniň mejlisiniň çäginde dört döwletiň hökümetleriniň arasynda «TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky Hökümetara Ylalaşyga», şeýle hem«Taslama gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi  hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga» gol çekilmegi bilen baglanyşykly wakanyň ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda bolup geçen iň täsirli ýatda galyjy taryhy wakalaryň biridigini uly buýsanç bilen çeper beýan edýän ajaýyp şygyrdyr[8]. (Seret: Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-njy ýylyň 18-nji ferwalyndaky sanynyň 2-nji sahypasy)

            2. Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady ösüşi üçin diýseň ähmiýetli bolanhaýsy hem bolsa bir desgany gurmaklyk işine ak pata berlip, düýbüniň tutulyş dabarasynda: Muňa mysal hökmünde 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz hem-de taslama gatnaşýan döwletleriň hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda gurluşgynyň düýbi tutulyp, ak pata berlen Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyry bilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taryhy ähmiýeti barada şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň ýazan ««Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryna»,«Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam goý mundan» atly goşgularyny görkezmeklik bolar. (Seret: Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary) Şahyr Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyrynyň  gurluşygyna badalga berliş dabarasynynda kalbyna dolan guwanç-buýsanjyny  ««Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryna» atly şygrynyň:   

                                       Arkadagyň her sözi dogalykdyr, dogalyk!
                                      Bu uly iş müň öwgä, diýseň laýykdyr, laýyk,
                                      Hoş geldiňiz Mähriban, eý adamlar, halaýyk,
                                      «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryna – diýen ajaýyp setirlerindäki özboluşly şahyrana pikir garaýyşlary bilen, diýseň täsin beýän edýär.[9] Şahyr Ogultäç Oraztaganowa  gurluşygyna badalga berlen gaz käniniň geljekde Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň kömegi bilen taslama gatnaşýan ýurtlaryň halkyny mawy ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etjekdigi baradaky taryhy hakykaty şol taryhy günde  özüniň  «Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam goý, mundan» atly şygryndaky:

                             Akar ýatar indi şaglap gaz käni,
                             Arkadagly Watanymyň goýnundan.
                             Owganystan hem Päkistan, Hindistan,
                                                Rysgal, baýlyk tapsyn, mydam goý, mundan  – diýen ajaýyp setirleriniň esasynda dile getirýär. Bulardan başga-da,  ýurdumyzda haýsy hem bolsa bir desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynda dörän taryhy goşgulara mysal hökmünde metbugat sahypalarynda 2011-nji ýylda Garlyk şäherçesiniň gurluşygyna başlanan pillesinde Akmyrat Rejebowyň «Garlyk galkynýar», Tagangül Taganowanyň «Mähribanlyk», Bäşim Ataýewiň «Il bile»atly şygyrlarynyň, şol ýyl häzirki zamanamyzda «Bagtyýarlyk» şäherçesi diýip döwrebap ada eýe bolan Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň durkuny döwrebaplaşdyrmaklyk işine badalga berlen mahalynda Süleýman Ilamanowyň «Şa gadamyň gudraty», Nowruz Gurbanmyradowyň «Şa gadamyň bagt eçilýär, Arkadag»atly goşgularynyň, 2013-nji ýylyň dekabrynda Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyry bilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanan taryhy gününde Ogultäç Oraztaganowanyň ýazan ««Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryna»,«Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam goý mundan», Atamyrat Şagulyýewiň «TOPH gaz geçirijisi» atly şygyrlarynyň neşir edilmegi hem aýdyň subutnamadyr. (Seret: Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary)

3. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda täze gurlan desganyň ak pata berlip işe girizilen wagtynda: Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň 2011-nji ýylyň aprel aýynyň birine  ýedisi birlikde ulanylmaga berlen ministrlikleriň we jemgyýetçilik gura-malarynyň edara binalarynyň açylyş dabarasyndaky taryhy pursatda kalbyny gurşap alan ýürek buýsanjyny beýan edip döreden «Ýeke günde ýedi bina» atly goşgusynyň:

                               1-nji aprelde Arkadagymyz
                               Ýeke  günde açdy ýedi binany…– diýen ajaýyp setirlerinde «Taryhylyk» diýen ylmy terminiň liriki eserlerde anyk sene bilen getirilişine anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. (Seret: Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»  žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary) Mundan başga-da, 2014-nji ýylda oktýabr aýynda Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň durky täzelenip, ulanylmaga berlende Bagtyýarlyk diýen döwrebap ada eýe bolan taryhy pursaty barada şahyr Süleýman Ilamanow «Bagtyýar il joşýar – Bagtyýarlykda» atly, 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmen emeli hemrasynyň äleme çykarylan taryhy gününe bolan buýsanjy hakynda Orazdurdy Atahanow «Buýsançnama» atly, 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabat Halkara howa menziliniň işe girizilen güni barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew «Uçara – ganat, gonara – perman» atly, Akmyrat Rejebow bolsa «Laçyn bolup ganat ýaýýar ak uçar» atly goşgularyny döretdiler[10].  Ine, şunuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, şa gadamyny basan ýerleriniň zamanamyzyň şahyr halkynyň ylham ýaýlasyna öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. (Seret: Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy) Şahyrlarymyzyň ylhamyndan dörän liriki eserleriniň anyk taryhy mazmuny bolsa döwrümiziň ägirt uly ösüşleriniň, galkynyşlarynyň, bagtyýar durmuşynyň ýüzüni diýseň düýpli, anyk-aýdyň edip görkezýän aýna mysalydyr. «Taryhylyk» diýen ylmy düşünjäniň häzirki zaman liriki eserleriniň anyk taryhy mazmunyny diýseň düýpli açyp görkezýändigini Altyn sähra etraby barada ýazylan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Maryda iki gün» atly liriki reportažy bilen Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Täzebaýewiň «Altyn sähra etrabym», «Altyn sähram», «Nurana agşam»atly şygyrlary has aýdyň ýüze çykarýar[11]. Çünki, biziň hemmämiziň bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzdaky tarp ýerler özleşdirilip, Daşoguz welaýatynda Ruhubelent, Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra etraby döredilipdi. Ýöne, Altyn sähra etraby 2017-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan döwrüň talabyna görä, ilatynyň azlygy sebäpli ýatyrylyp, bu etrap Oguz han etrabyna birikdirilipdi. Şondan bäri «Altyn sähra» etrabynyň ýoklugyna garamazdan, şu günki ösüp gelýän ýaş nesillerden we indiki  geljekki  nesilerden bolan okyjylar Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň, Ata Täzebaýewiň ýokarda ady agzalan liriki eserlerini okan badyna, taryhda has dogrusy hormatly Prezidentimiziň ajaýyp taryhy zamanasynda az salymlyk hem bolsa bu etrabyň dowam edendigini bilerler. (Seret: Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy) Ýeri gelende aýtsaň, ýurdumyzyň içeri we daşary  syýasatynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeklik maksady bilen, 2010-njy ýylda amala aşyran ägirt uly özgertmeleri üçin Ruminiýanyň Halkara gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň Ýerine ýetiriji Komiteti tarapyndan mähriban Prezidentimize «Ýylyň adamy» diýen hormatly adyň dakylan pursadyny Süleýman Ilamanowyň «Dünýäniň ykrary: Ýylyň adamy», Tagangül Taganowanyň «Ýylyň adamy» atly şygyrlary taryha altyn harplar bilen ýazdy. Şeýle-de, 2011-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyza «Ykdysady ylymlarynyň doktory» diýen hormatly adyň berlen taryhy gününi Süleýman Ilamanowyň «Ylmy derejäňiz gutly bolsun, Arkadag!» atly goşgusy bilen taryhyň gatlaryna siňdirdi. Häzirki zaman türkmen şygryýetinde ýurdumyzyň ägirt uly ösüşleriniň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýşynyň beýik simwoly «Aklyk pelsepesi» bilen teswirlenýär[12]. (Seret: Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «Ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypasy) Hut şu nukdaýnazardan-da, «Taryhylyk» diýen ylmy düşünjä diňe bir «Ykdysady lirika» degişli şygyrlarda däl-de, eýsem «Aklyk pelsepesine» ýugrulan liriki eserlerde-de gabat gelinýär[13]. (Seret: Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-njy ýylyň 18-nji ferwalyndaky sanynyň 2-nji sahypasy) Oňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň her hepdäniň duşenbe güni ak gülli ak stolyň başynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirýän, anna güni ak gülli stlolyň başynda egindeşleri bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirýän, daşary ýurtly işewürleri ak gülli stolyň başynda kabul edýän, baýramçylyklarda, welaýatlara ýa-da daşary ýurtlara iş saparyna gideninde ak gülleriň gowşurylýan pursatlary barada döreden «Ak güller» poemasynda[14] (Seret: Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky sanynyň 2-nji sahypasy), milli Liderimiziň egnine ak kepderiniň gonan pillelerini çeper suratlandyran «Ak kepderi» poemasynda, Gahryman Arkadagymyzyň mahal-mahal athanasyna baryp ýa-da bedew baýramynda Şagadam, Akhan atly ak reňkdäki bedew atlaryna atlanan pursatlary hakynda ýazan «Sen ak atda, gyr atda, ganatda», «Ak atyňa, gyr atyňa döneýin» atly goşgularynda[15] (Seret: Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň awgust aýyndaky sanynyň 9-njy sahypasy), mertebesi belent döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylyň 14-nji martynda Ruhabat etrabynyň  Garagum maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanynda bolup,  akja guzyny gujagna alyp duran mahaly barada döreden «Mähribanlyk-mähremlik» atly şygrynda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar[16]. (Seret: Toýly Jänädow. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. Garagum»  žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary) Ýeri gelende aýtsaň, şu günüň edebiýatynyň Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden ajaýyp taryhy zamanasynyň taryhylygyna ýugrulan liriki eserleri her bir türkmen raýatynyň kalbynda öz ýurdunyň ykdysadyýetiniň pugtadygyna mizemez ynam bolmagynyň binýadynyň has-da berkemegini, şeýle hem öz ýurduna, döwletine, hormatly Prezidentine bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň öňküsinden-de has artmagyny gazandyrýar.

Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy


[1] Rahman Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. – A.:, «Türkmenistan» neşirýaty. 1966. 210-njy sahypa.

[2] Toýly Jänädow «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum»  žurnalynyň2013-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň  39 – 42-nji sahypalary.

[3] Toýly Jänädow «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.

[4] Toýly Jänädow. Türkmen ýoly – ylham gory. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.

[5] Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary;

[6] Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy

[7] Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary

[8] Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-njy ýylyň 18-nji ferwalyndaky sanynyň 2-nji sahypasy

[9] Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum»   žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 -nji sahypasy;

[10] Seret: Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.    

[11] Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň  2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.

[12] Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «Ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky sanynyň  2-nji sahypasy

[13] Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-njy ýylyň 18-nji ferwalyndaky sanynyň        2-nji sahypasy;

[14] Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.

[15] Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň awgust aýyndaky sanynyň 9-njy sahypasy

[16]Toýly Jänädow.  «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. Garagum»  žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok