Türkmenistan dünýäniň logistika ulgamyna sazlaşykly goşulýar

        “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylan türkmen halky Täze ýylyň ilkinji gününi şatlyk-şagalaňa baý dabaralara besledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzda ösüşleriň hasda ýokary boljakdygy şu günden äşgär. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldanma tapdy. “ 2021-nji ýyl Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip dünýä döwletlerine hem ýaýrady. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýay asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Bileşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ählisinde goldaw tapdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan ugur alnyp, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dostlugyň, oňyn gatnaşyklaryň söhbedi giňden tutular, bu ugurda birgiden wajyp resminamalardyr kararlar kabul ediler.

         Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu babatda «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgelerinde ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezlerini döredýär. Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň senagat düzüminde mynasyp orny eýelemegine uly mümkinçilik berýär.

           Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

          Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Şol geosyýasy maksat öz öňünde häzirki zaman depginli ösýän dünýäde ykdysady ýörelgeleriň berkemeginiň takyk strategik wezipelerini goýar.

         Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlyklaryny, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.

        «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan «Ulag we logistika — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisleriniň we bulardan başga-da logistiki düzümi has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi halkara deňiz ýük gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde we logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr. Bu maslahatlaryň çäginde Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.

       Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň diňe bir deňiz-derýa ulaglary ulgamynda däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň awtomobil ulaglary ulgamynyň üsti bilen hem dürli görnüşli ýükleri daşamakda uly işleri amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Aşgabat — Türkmenbaşy şäherinde ýokary tizlikli, döwrebap awtoban gurulýar. Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi netijesinde Merkezi Aziýadan gelýän ýükler Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça täze deňiz menziline äkidilip, Hazar deňziniň üsti bilen Kawkaza, şol ýerden bolsa Türkiýä hem-de Ýewropa ýaly ýurtlara halkara ýük gatnawlary amala aşyrylar.

      Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary amala aşyrýar. Biziň döwletimiziň üstaşyr gatnawlar logistikasynda mümkinçilikleriniň gerimi işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) halkara demir ýol ulag geçelgelerini, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprülerini, howa menzillerini, döwrebaplaşdyrylýan ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.

 Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we aragatnaşyk düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Berdiýew Allaberdi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
“Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok