Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň
şygryýet agşamyna bagyşlanýar.
Häzirki zaman türkmen edebiýatynda ykdysady lirika – hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi.[1]/[2] Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady öşüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman türkmen edebiýatynda täze kemala gelen ykdysady lirika publisistik eserleriň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi:
1. Nebit-gaz pudagyna degişli ykdysady lirikanyň hatarynda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisine bagyşlanyp ýazylan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Asly barly, nebit gazly Watanym», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Samandepe», Ata Täzebaýewiň «Gaz berýär, Arkadagym», «Ýaşa berkarar Watan», «Türkmeniň gazy», Süleýman Ilamanowyň «Türkmen gazy – dünýäň ýazy», Ahmet Mämmedowyň «Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi» atly goşgularyny, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisi hakynda döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Mähir bolup akýar türkmeniň gazy», Hemraguly Hudaýgulyýewiň «Sarahsdan Hangerana gaz akýar», Bäşim Ataýewiň «Doganlyk ýoly» atly şygyrlaryny, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi barada ýazylan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwletli diýarym, baýlygym barym», Ahmet Mämmedowyň «Mawy gazym lowurda», Süleýman Ilamanowyň «Arkadagyň nurly paýhas ummany», Nowruz Gurbanmyradowyň «Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat», Ogultäç Oraztaganowanyň «Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam, goý mundan», Atamyrat Şagulyýewiň «TOPH gaz geçirijisi» atly goşgularyny, Belek gaz gysyjy bekedi barada Nowruz Gurbanmyradowyň «Arkadagym bilen galkynýar, Belek» atly şygryny, Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi barada Dädebaý Nartyýewiň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi»,Ogultäç Oraztaganowanyň «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi» atly goşgusyny, «Galkynyş» gaz käni hakynda döredilen Kakamyrat Rejebowyň «Döwletli-döwranly türkmen» poemasyny, Gurbanowyň «Galkynyş gaz käni galkynýar bu gün», Ogultäç Oraztaganowanyň «Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyryna» atly goşgularyny görkezmek bolar[3].
2.Energetika pudagyna degişli ykdysady lirika.Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda Lebapda gurlup ulanylmaga berlen «Watan» elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynda sere gelen pikirleriniň esasynda, ozal bu welaýatdan Andhoýa 25 megawatt elektrik energiýasy iberilýän bolsa, indi täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen Andhoýa öňki iberilýäniniň üstüne goşmaça 100 megawatt elektrik energiýasynyň ugra-dyljakdygy hem-de goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine taýsyz goşant goşjakdygy baradaky taryhy hakykaty ýatlap we ony umumy beýan edip ýazan «Türkmen togy» atly şygrynyň:
Türkmen togy has köp barar Owgana,
Dost öýüne, nurly ýagtylyk çaýyp.
Şeýle bir sahawat, döwran eçilýär,
Arkadag barçany Gün kibi çoýup – diýen ajaýyp setirleri hem ykdysady lirikanyň energetika pudagyna degişli täze temasynyň peýda bolandygyny anyk-aýdyň görkezýär.[4]
3. Oba hojalygyna degişli ykdysady lirika barada aýdanymyzda Ruhubelent etrabyna bagyşlanyp ýazylan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Galkynyşa ganat bu», Akmyrat Rejebowyň «Ruhubelent etraby açylanda ýazylan goşgy», Döwletgeldi Annamyradowyň «Ruhubelent etraby», Miwe Tuwakbaýewanyň «Ruhubelent ýaýlasy», «Bugdaý sünbülleri Ruhubelendiň» atly şygyrlaryny, Döwletli etraby barada döredilen Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwletliden döwlet tapan döwletli», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Döwletli» atly goşgularyny, Altyn sähra etraby hakynda ýazylan liriki eserlere mysal hökmünde ýene-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Maryda iki gün» atly liriki reportažyny, Ata Täzebaýewiň «Altyn sähra etrabym», «Altyn sähram», «Nurana agşam» atly şygyrlaryny, «Altyn asyr» Türkmen köli hakynda döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Sary sähraň ýaşyl göli» poemasyny, Allaýar Çüriýewiň «Türkmen köli», Akmyrat Rejebowyň «Altyn kölüň aýdymy», Aýjemal Omarowanyň «Garagumuň göwheri», Süleýman Ilamanowyň «Altyn köl», Tagangül Taganowanyň «Altyn asyr köli», Rahman Gökleňowyň «Türkmen köli» atly goşgularyny, durky täzelenen Babaarap obasy hakynda döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowanyň «Babaarap obasy», Oguljemal Çaryýewanyň «Babaarap Gülşeni» atly şygyrlaryny, Garlyk şäherçesi barada ýazylan Akmyrat Rejebowyň «Garlyk galkynýar», Aýjemal Omarowanyň «Berkararlyk aýdymy», Tagangül Taganowanyň «Mähribanlyk», «Täsin bir jennete öwrülen,Garlyk», Bäşim Ataýewiň «Il bile» atly goşgularyny, häzirki zamanamyzda özgerip, «Bagtyýarlyk» şäherçesi diýip döwrebap ada eýe bolan Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesi hakynda döredilen Süleýman Ilamanowyň «Şa gadamyň gudraty», «Bagtyýar il – Bagtyýarlykda», Nowruz Gurbanmyradowyň «Şa gadamyň bagt eçilýär, Arkadag» atly şygyrlaryny, durky düýpli täzelenen «Belek» şäherçesi barada ýazlan Nowruz Gurbanmyradowyň «Arkadagym bilen galkynýar, Belek» goşgusyny, Akmyrat Rejebowyň Derweze etrabynyň Täze zaman obasyndaky döwrebap jaýlar hakynda döreden «Täze jaý», Yzgant obasy barada barada ýazan «Güller açýar Yzgant – Oguz şäheri» atly şygryny mysal getirmeklik bolar. Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň ýurdumyzyň her welaýatynda täze açylan şäher kysmy häzirki zaman obasy barada ýazan «Arkadagym açyp berýär obalar» atly goşgusynyň:
Bu gün Arkadagym Ahal, Maryda,
Lebap, Daşoguzda şähere kybap.
Obalary açyp berip bir ýandan
Alkyş baryn alýar, gazanýar sogap – diýen setirleri hem gönüden-göni milli ykdysadyýetimiziň oba hojalygyna degişli syýasy lirikasyna degişlidir.[5]
4. Ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli ykdysady lirika – Paýtagtymyzyň günortasyndaky Çandybil şaýoly barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Beýik ýoly bina kylan Arkadag» atly poemasyny, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew «Gutly bolsun ýollar saňa», «Ýol gurmak – sogap iş, ýol bereketdir», Süleýman Ilamanow «Arkadagyň ak ýollary nurana» atly şygyrlaryny, Atamyrat – Kerkiçi demir ýol köprüsi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa «Beýik köpri», Süleýman Ilamanow «Köňülleriň köprüsi» atly goşgularyny, Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew «Demir ýol barýar», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew «Demir ýoly – ömür ýoly», Döwletgeldi Annamyradow „Dostluk ýollary», Seýitmämmet Hydyrow «Beýik ýüpek ýolunyň parçasy», Ogultäç Oraztaganowa «Arkadagly, ajap çagly gül Watana söýgüden», Mämmetnazar Babanazarow «Ady ak ýollara ýaraşan Watan»,Hojaberdi Baýramow «Watanyň biliniň polat guşagy» atly şygyrlaryny, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly barada Türkmenistanyň halk ýa-zyjysy Orazguly Annaýew «Geljege barýan ýol», Begenç Baýnepesow bolsa «Halklaryň dostlugy» atly goşgularyny, ýurdumyzda hereket edýän häzirki zaman täze demir ýol otlulary barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa «Ak ýollar, aýdyň ýollar» atly şygryny, Aşgabat Halkara Howa menzili hakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew «Uçara ganat – gonara perman», Akmyrat Rejebow «Laçyn bolup ganat ýaýýar ak uçar» atly goşgularyny ýazdy[6].
5. Milli syýahatçylyk zolagyna degişli ykdysady lirikada ýazylanşygyrlara Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Gurulýar gözel «Awaza»[7], Didarberdi Allaberdiýewiň «Arkadag – Awaza – Hazar diýseler»[8] atly ajaýyp goşgularyny we başga-da Awaza barada ýazylan birnäçe liriki eserleri görkezmeklik bolýar. Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada döredilen goşgular sanardan kän.
Şahyr Akmyrat Rejebow bolsa özüniň «Garlyk galkynýar»[9] atly şygrynda täze gurlan Garlyk şäherçesiniň tebigy gözelligi, täsin ajaýyplyklary bilen göreni haýran galdyrýan Köýtendagyň alkymynda ýerleşendigini şahyrana dilde çeper beýan etmeklik bilen,öz şygrynyň dowamynda bu ýeriň hem Awaza ýaly milli syýahatçylyk pudagynda ýurdumyzyň ykdysady galkynyşynyň rowaçlanmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşjakdygyny:
… Garlyk mesgeni bor özgerişleriň,
Göwher gaşly gözel Awaza ýaly – diýen setirleriniň esasynda dile getirýär.[10]
6. Söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady lirikadadöredilen goşgulara mysal hökmünde Nowruz Gurbanmyradowyň «Aşgabadyň ak bazary»[11] atly liriki eserini, dünýä jahankeşdeleriniň we ildeşlerimiziň müňlerçesiniň saglygyny dikeldýän ýerlerine öwrülen hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýan milli şypahanalarymyz barada ýazylanAkmyrat Rejebowyň «Mollagara şypahanasy»[12], atly goşgusyny,Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Arçman»[13] atly liriki poemasyny görkezmeklik bolar.
7. Gurluşyk we binägärlik pudagyna degişli ykdysady lirika pagtymyzyň merkezini kaşaňlygy we owadanlygy bilen bezäp duran «Oguz han» köşkler toplumynyň açylyş dabarasyna bagyşlap Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň döreden «Aslyň aňyrdandyr, Arkadag Ogul»[14],
2011-nji ýylyň 1-nji aprelinde ýedisi birlikde ulanylmaga berlen ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň işe giriziliş çäresi mynasybetli ýazylan Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Ýedi binaň – ýedi bagtyň Arkadag!», Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Ýeke günde ýedi bina» atly şygyrlaryny, Akmyrat Rejebowyň daşky gözelligi we beýikligi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzyň «Älem» medeni dynç alyş merkezi hakynda ýazan «Älemdedir älemde» atly goşgularyny görkezmeklik bolar. Ýeri gelende aýtsak, şahyr Orazdurdy Atahanowyň binagärçilik gurluşy boýunça bütin dünýäde ylmyň iň soňkygazananlaryny özünde jemleýän paýtagtymyzdaky täze Metbugat öýi barada ýazan «Metbugat öý toplumy»atly goşgusynda:
Mübärekdir metbugat öý toplumyň,
Nurana binamyz dünýäde belli… – diýip, öz ýürek buýsanjyny beýan edýär[15].
Diýmek, «Ykdysady lirika» özüniň içki tematiki köpdürliligi boýunça bu makalamyzyň mazmunynda beýan edişimiz ýaly, ýedi sany mowzuga bölünýär eken. Bu mowzuklaryň her haýsysy ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda – nebitgaz, energetika, oba hojalygy, söwda we hyzmatlar, gurluşyk we binagärçilik, milli syýahatçylyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri özboluşly bir çeper şahyrana dilde giňden beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Ykdysady lirikadaky eserler hakyky liriki eserlerdir. Hakyky liriki eserler bolsa, belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebowyň belleýşi ýaly, «daşky dünýäniň täsiri astynda şahyr duýgy bilen püre-pür dolan mahalynda, durmuşyň beýleki taraplaryny unudyp, diňe täsirlenen taraplary bilen ýaşaýan momentinde, hem şol täsirleri setire geçirip bilen mahalynda döräp biler.»[16]
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
[1]Toýly Jänädow.Arkadagly zamana – belent ylham ynsana. «Edebiýat we sungat» gazeti.13.11.2015. 6-njy sahypa.
[2] Toýly Jänädow. Häzirki zaman türkmen edebiýatynda täzeçillik. «Garagum» žurnaly. №11.2016. 125-nji sahypa.
[3]Toýly Jänädow. Arkadagly zamana – belent ylham ynsana.«Edebiýat we sungat» gazeti. 13.11.2015. 6-njy sahypa.
Toýly Jänädow. Häzirki zaman türkmen edebiýatynda täzeçillik. «Garagum» žurnaly. №11.2016. 125-nji sahypa
Toýly Jänädow. Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde.«Nebit-gaz» gazeti. 06.12.2011. 3.sahypa.
Toýly Jänädow. «Galkynyşdan» galkynan şygryýet. «Nebit-gaz» gazeti. 18.02.2014. 7-nji sahypa.
[4]Toýly Jänädow. Häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi. «Garagum»žurnaly. №11.2016. 126 –njy sahypa
[5]Toýly Jänädow. Ykdysadyýet we şygyr. «Garagum»žurnaly.№ 06.2013. 39 – 40 – 41 – 42-nji sahypalar.
Toýly Jänädow.Arkadagly zamana – belent ylham ynsana.«Edebiýat we sungat»gazeti.13.11.2015. 6-njy sahypa.
Toýly Jänädow.Häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi.«Garagum»žurnaly.№11.2016. 125 – 126 – 127 – 128-nji sahypalar.
[6]Toýly Jänädow. Türkmen ýoly – ylham gory. «Edebiýat we sungat» gazeti. 16.12. 2016. 3-nji sahypa
[7] Atamyrat Atabaýew. Döwletli döwran. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. Aşgabat – 2010. 58-nji sahypa
[8] Didarberdi Allaberdiýew. Sözlär senaly dilim. –A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2015. 51-nji sahypa.
[9]Akmyrat Rejebow. Bagtyýarlyk nagmalary. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy.2014.29-njy sahypa.
[10] Toýly Jänädow. Arkadagly zamana – belent ylham ynsana.«Edebiýat we sungat»gazeti.13.11.2015. 6-njy sahypa.
Toýly Jänädow.Häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi.«Garagum»žurnaly.11.2016.128-nji sahypa.
[11]«Edebiýat we sungat» gazeti. 18.02.2011. 2-njisahypa.
[12]Akmyrat Rejebow. Bagtyýarlyk nagmalary. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014. 24-nji sahypa
[13] Atamyrat Atabaýew. Döwletli döwran. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2010. 30-njy sah.
[14] Gözel Şagulyýewa. Belentligiň asman – zemin arasy. – A.:, Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2011. 43 – 44-nji sahypa
[15]Toýly Jänädow.Häzirki zamananyň türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi.«Garagum» žurnaly. №11.2016. 128-nji sahypa.
[16] Rahman Rejebow. Liriki mazmun we şygyr sungaty. «Ylym» neşirýaty. Aşgabat – 1968. 18-nji sahypasa.
Teswirler