Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenisatn – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kämilleşmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ilaty ýokary hilli, halkara standartlaryna laýyk gelýän öndürilýän önümler, edilýän hyzmatlar we ýerine ýetirilýän işler bilen üpjün etmek ýaly aýdyň maksatlary bolan standartlaşdyrmak ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar.
Standartlaşdyrmak işinde dünýä tejribesinden ugur alnyp, halkara standartlaryň we bular babatynda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryň ulanylmagy işleri talaba laýyk alyp barmakda esas bolup hyzmat edýär.
Dürli ýurtlarda meňzeş önümleriň öndürilmegi, hyzmatlaryň edilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi bilen halkara standartlaryna zerurlyk hemişelik häsiýete eýedir. Şonuň üçin 1946-njy ýylyň oktýabr aýynda Londonda geçirilen standartlaşdyrmak boýunça milli guramalarynyň konferensiýasynda kabul edilen çözgüdiň esasynda Halkara standartlaşdyrmak guramasy ISO (international Organization for Standartization) döredilýär.
Şol sebäpden, dünýä ýurtlary bu guramanyň agzasy bolmak bilen, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň we ýerne ýetirilýän işleriň degişliligi boýunça Halkara standartlaşdyrmak guramasy ISO – nyň laýyklyk sertifikatlaryny alýarlar. Bu bolsa öndürilýän önümlere, edilýän hyzmatlara we ýerne ýetirilýän işlere berilýän hil we howupsyzlyk babatyndaky kepilliklerdir.
Standart düşünjesi – taraplaryň ylalaşygy esasynda işlenilip düzülen, ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan kadalary, häsiýetleri ýa-da umumy ýörelgeleri özünde jemleýän kadalaşdyryjy resminamadyr.
Standartlaşdyrmagyň birnäçe derejeleri bardyr.
Standartlaşdyrmak – standartlary işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen birlikde, bäsdeşlige ukyplylygy we netijeli hyzmatdaşlygy gazanmagyň guralydyr. Önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagynda standartlaryň goşandynyň bimöçberdigi öz-özünden düşnüklidir. Standartlar umumy düzgünleri we talaplary kesgitleýär. Munuň özi önümleriň özara baglanyşygynyň sazlaşykly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Halkara standartlaşdyryş – bu standartlary standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy ISO tarapyndan halkara talaplaryna laýyklykda tassyklanylýan düşünjedir. Öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň we ýerine ýetirilýän işleriň standartlaryň halkara talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan laýyklyk sertifikatlar berilende ulanylýar.
Döwletara standartlaşdyryş – bu standartlar döwletara guramasy tarapyndan tassyklanýan düşünje bolup durýar.
Milli standartlaşdyryş – bu bir döwletiň çäginde amala aşyrylýan standartlaşdyrmak işidir. Ýurdumyzyň milli standarty hökmünde kadalaşdyryjy resminama diýlip, Türkmen Döwlet Standartlary TDS bellenilendir hem-de bu işleri amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy edarasy döredilendir.
Şeýle-de, ýurdumyzda milli standartlary halkara standartlary bilen Standartlaşdyrmak boýunça milli tehniki kömitetler döredilip, ol komitetler önümleri öndürmekde, işläp taýýarlamakda, saklamakda, daşamakda, ýerleşdirmekde we gaýtadan işlemekde esasy işleri ýöredýän pudaklarda esaslandyrylyp, olar önümçiligi standartlaşdyrmakda kadalary kesgitleýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan ilşeri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurjemal Kakabaýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň talyby
Teswirler