Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge gönükdirilen Konsepsiýalaryň we Maksatnamanyň esasy maksady, sanly innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmyň, bilimiň we ylmy-tehniki işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylym we bilim edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Bu işleri durmuşa ornaşdyrmak hem-de amala aşyrmak döwrüň talabydyr.
Ylmyň we bilimiň önümçiliginiň özara baglanşygynyň jebisleşmegini üpjün etmek hem-de ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň öndengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklandy.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde häzirki zaman ösen döwrebap tehnologiýaly täze pudaklaýyn düzümler yzygiderli döredilýär. Şeýle şertlerde, täze pikirleri we çözgütleri emele getirýän, düýbünden täze döwrebap ösen tehnikalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň has möhüm ugurlarynyň ähmiýeti barha ýokarlanýar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ösmeginde aýgytlaýjy orunlaryň birini eýeleýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebap ösdürilmegi kanuny ýagdaýdyr.
Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölekleriniň biridir. Munuň netijesinde wagty netijeli ulanmak, işleriň alnyp barlyşyny çaltlandyrmak, hereket edýänleri we täze tehnologiýalary döwrebap kämilleşdirmek we ösdürmek hem-de bu babatda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň hem-de bu ugurlarda bilimlerini artdyrýan hünärmenleriň ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.
Bilim ulgamynda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň yzygiderli, döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň strategik ugrudyr.
Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen halkara ylmy-döredijilik gatnaşyklary has-da giňeldi. Şeýle-de, daşary ýurt halkara guramalar bilen ylym we tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklar baglaşylyp, bu ugurlarda olaryň ylmy merkezleri bilen, ylym, tehnika we sanly innowasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar.
Ýurdumyzyň ylym we bilim babatyndaky mümkinçilikleri bolsa, parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirilýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmak we yzygiderli esasda ösdürmek boýunça öňdebaryjy täze döwrebap ösen sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek üçin wagt, serişde we hünärmenler, hem-de ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek, bilimde we ylymda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak zerur bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüş we döwrebap hukuk esaslary bilen sazlaşykly alnyp barylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly döwrebap ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň binýady bolup hyzmat edýär.
Bu ugurlarda ösüşiň gazanylmagynyň esasy şerti bolan ylma daýanýan özgertmeler ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýar, şele hem ýokary hünär derejeli, zehinli işgärleri ylma çekmek boýunça işler giňden durmuşa geçirilýär.
Täzeçil pikirlenmeleri, täze elektron okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak, döwrebap ösen tehnologiýalary gündelik iş tejribesinde ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmagyna itergi berýär.
Sanly ylmyň, bilimiň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bilim alýan talyp ýaşlaryň, bilim berýän professor-mugallymlaryň hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly ylym-bilimi ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri we berýän ýadawsyz goldawlary üçin mähriban Arkadagymyza jan-saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!
Nurjemal Kakabaýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby
Teswirler