Sanly ulgamyň döwrebap hyzmatlary

      “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalary we guramalary tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

     Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hem, döwrebap bank hyzmatlary ilat köpçüligine, bankyň müşderilerine yzygiderli hödürlenýär.

    Hödürlenilýän hyzmatlaryň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň barşynda, bankyň müşderilerine ýeňillikleri döretmek arkaly internet ulgamynyň üsti bilen  raýatlara hödürlenýän dürli görnüşli bank karzlaryny sanly ulgam arkaly  resmileşdirmek işleri ýola goýuldy. Bular baradaky giňişleýin maglumatlary banklaryň internet web saýtlaryndan almak mümkinçilikleri ýola goýuldy.

    Bu hyzmatlaryň ilat köpçüligine hödürlenmegi, bankyň müşderileriniň karza bolan isleginiň tiz kanagatlandyrylmagyna, wagtlarynyň, ýol harajatlarynyň tygşytlanmagyna döredilen mümkinçilikdir.

     Häzirki wagtda bank edaralarynyň müşderilerine sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň çäklerinde, ýurdumyzyň raýatlary alan bank karzlarynyň we oňa hasaplanan göterimlerini bank kartlary arkaly bankomatlaryň ýa-da töleg terminallaryň üsti bilen amala aşyrýarlar. Indi bolsa, bank karzlaryny almak mümkinçilikleriniň hem, sanly ulgam arkaly amala aşyrylmagynyň ýola goýulmagy döwrebap sanly bank hyzmatydyr.

    Şunda, müşderileriň bank edaralaryna bolan ynamynyň artmagy, banklaryň müşderilere döredýän hyzmat babatyndaky bank kepilligidir.

    Ýurdumyzda pulyň dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem, halkara tejribesiniň öňdebaryjy ösen döwrebap tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.      

    Bank edaralarynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň barşynda, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda bank kartlarynyň giňden ulanylmagy, müşderileriň maliýe sowatlylygynyň has-da artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

   Şunda, ýaşlaryň ykdysady bilimlerini osdürmäge we maglumatlary çalt kabul etmäge bolan ukybynyň öňe çykýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

      Döwrebap sanly hyzmatlarynyň girizilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de sanly innowasion döwrebap tehnologiýalarynyň bank edaralarynda ornaşdyrylmagy bilen, täze bank hyzmatlarynyň ulanyşa girizilmegi, bu ugurdaky sanly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini şertlendirýär.

     “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ýadawsyz aladalary hem-de döwrebap sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!  

Tyllagözel Orazmämmedowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok