Türkmenistanyň Prezidentiň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde esasy maksatlaýyn ugurlar kesgitlenildi we bazar özgertmeleriniň, ykdysadyýetiň durnukly depginli maksatnamasy bellenildi. Ýurduň ykdysady ösüşiniň durnukly depgini, köp babatda ylym we innowasiýa amallarynyň gazananlaryny giňden ulanmaklygyň binýadynda gazanylýar. Beýle ýagdaý önümçiligiň tehniki derejesini ýokarlandyrmakda, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmakda, oba hojalyk çig malynyň gaýtadan işlenilmegini we önümiň hilini dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmakda, zähmet potensialynyň ýokarlandyrmakda öz anyk beýanyny tapdy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda halkymyzyň gelejegi üçin ähmiýetli bolan ylym ulgamyny ösdürmeklige bagyşlanan meseläni durmuşa geçirmek boýunça uly işlere badalga berildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň hil taýdan täze, ýokary derejä göterilmegine güýçli itergi berdi. Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, olaryň ylym we önümçilik ulgamlary bilen jebis arabaglanşygyny üpjün etmeklige, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaklyga we täze maglumat infrastrukturasyny döretmeklige gönükdirilendir.
Durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany gün geldigiçe artýar. Bilimulgamy üçin iň derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion bilim tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaklyga ýardam edýär.Täze tehnologiýa enjamlary bilen işlemekde maglumaty belgiler we sesler arkaly geçirmegiň, işlemegiň we ýygnamagyň uly hyzmaty bardyr. Başgaça aýdylanda, maglumaty geçirmek sesler arkaly, maglumat toplamak belgiler arkaly amala aşyrylýar. Muňa informasion prosesler hem diýilýär. Informasion prosesler janly-jandarlara, tehniki gurluşlarda, adamlaryň gatnaşygynda, telekommunikasiýalarda, jemgyýetçilik durmuşynda duş gelýärler. Bular tehniki serişdeler hem-de enjamlar arkaly gurnalýar. Informasion prosesleri tehniki serişdeler we enjamlar arkaly gurnamaklyga informasion tehnologiýa diýilýär. Informasion tehnologiýanyň görnüşlerine hat,poçta, telegraf, telefon, teleýaýlym, telekommunikasiýa, elektron poçta we ş.m. degişlidir. Informasion tehnologiýanyň görnüşleri şeýledir:
- Kagyzly tehnologiýa – maglumatlary kagyzda toplamak,saklamak, ibermek we işlemek (hat, kitap, arhiw, kitaphana we ş.m.)
- Kagyzsyz tehnologiýa – maglumatlary kagyz ulanmazdan saklamak, toplamak, geçirmek we işlemek (radio, teleýaýlym, telefon, telegraf we ş.m.)
- Täze informasion tehnologiýa – maglumatlary EHM-leri peýdalanmak bilen saklamak, toplamak, geçirmek we işlemek.
Şeýlelikde ileri tutulýan ugurlaryň we ylmy gözlegleriň meseleleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine, innowasiýa amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna içerki jemi önümiň artmagyna, önümleriň we tehnologiýalaryň düýpgöter täze görnüşleriniň özleşdirilmegine ýardam berer. Bularyň hemmesi ýurduň eksport mümkinçilikleriniň köpelmegini üpjün eder we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly sosial-ykdysady ösüşine getirer.
EGEMOW Begenç
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we
menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler