Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisi hojalyk hasaplaşygyna geçer

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 18-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň sözlerine görä, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri bu uniwersitetleriň maliýe we ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen öz-özüňi maliýeleşdirmek meselesine bilelikde iş alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok