Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, durmuşyň dürli ugurlary boýunça işleriň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Şol özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze hil derejesine çykardy.
Ýurdumyzyň ykdysady,durmuş-medeni ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde diwersifikasiýa ýoly bilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy, ösüşiň belent maksatlaryna ýetilmegi bularyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwrebap ösen innowasion sanly ykdysadyýeti kemala getirmäge sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklyga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmeginde statistika maglumatlarynyň örän uly ähmýeti bardyr. Statistika maglumatlaryny ýöretmezden, ykdysadyýeti ygtybarly dolandyrmak, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly, biri-biriniň üstüni dolduryp ösüşini gazanmak asla mümkin däldir.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetde matematika we statistika usullar esasy ulanylýan usullaryň biri bolmak bilen, bu gözegçiliklere esaslanýar hem-de zerur maglumatlar, jetweller (tablisalar), dürli görnüşdäki diagrammalar görnüşinde emele getirilýär we saklanylýar.
Häzirki döwürde statistika maglumatlary işläp taýýarlamakda öňden gelýän usullar kompýuter tehnologiýalarynyň üsti bilen kämilleşdirilýär, şonuň esasynda örän uly netijeler gazanylýar. Kompýuter programmalarynda hasaplamalardan başga-da çyzgylary, şekilleri hem amala aşyrmak mümkinçiligi döredilendir. Bu bolsa seljermeleri has aýdyň açyp görkezmäge şertleri döredýär.
Milli ykdysadyýetiň matematiki modelleşdirmesini döretmezden ony talabalaýyk dolandyrmak mümkin däldir. Alnan matematiki modellerde statistiki görkezijileri gaýtadan işläp taýýarlamak we alnan netijeler boýunça geljekki çaklamalary geçirmek, elbetde, özüniň oňyn netijelerini hem berýär.
Gelejekki strategik meýilnamalar düzülende, işiň dogry guralyşyny gazanmak üçin takyk statistika maglumatlaryň dogry saýlanyp alynmagy serur bolup durýar. Şunda öndürilýän önümleriň we amala aşyrylýan hyzmatlaryň dogry we dürs hasabynyň alynmagy möhüm hasaplanýar. Şeýle hasabatlary taýýarlamak işi statistika edaralarynyň işi bolup durýar.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bu ulgamdaky alnyp barylýan iş başarnyklarynyň täze basgançaklaryny kesgitleýär.
Statistiki maglumatlar san görkezijisiniň ählumumy dili bolup durýar, onsuz sanly ykdysadyýetiň çylşyrymly baglanşyklaryndan baş alyp çykmak, täze sanly döwrebap tehnologiýalary jemgyýetiň netijeli we durnukly ösüşine hyzmat etmekleri üçin sazlamak mümkin däldir.
Sanly ykdysadyýet şertlerinde statistika bilimini öwretmek, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýola goýlandyr we bu ugurda ýörite kafedranyň hereket etmegi, şeýle-de bu ugurda talyp ýaşlara bilim berýän professor-mugallymlaryň ýeterlik tejribesiniň bolmagy kanuny ýagdaýdyr. Statistika dersinden bilim alýan talyp ýaşlar gelejekde, tejribeli hünärmenler bolup ýetişmegi, öz alan bilimlerini durmuşda ornaşdyrmak maksady bilen, statistika maglumatlary düzmegi, tabşyrmagy, jemlemegi we seljermegi başarýan hünärmenler bolup ýetişmegi döwrüň talabaydyr.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda we statistika maglumatlarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Bägül Muhammetgylyjowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň talyby
Teswirler