“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça yzygiderli syýasatyň ýöredilmegi netijesinde, milli telekeçilik we söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda ösüşiň hil taýdan täze ösen derejesi gazanylýar.
Ýurdumyzda önüm öndürijileriň we sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagyna we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň esasynda, harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek ulgamy yzygiderli esasda kämilleşdirilýär.
Mysal hökmünde, ýurdumyzyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň “GS1” halkara guramasynyň agzalygyna kabul edilmegi we bu halkara gurama tarapyndan ýörite belginiň berilmegi aýdylanlara aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda bäsdeşligiň ösmegi we şol bir wagtda maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynyň döwrebaplaşmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde, marketingiň orny we onuň netijeleri kärhananyň işiniň we giň mümkinçilikleriniň bazar ýagdaýyna we önüm öndürijileriň hem-de sarp edijileriň talaplaryna uýgunlaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Häzirki döwürde esasy talaplaryň biri, bazarda önüm öndürijileriň we hyzmat edijileriň hem-de sarp edijileriň ýokary kanagatlanma derejesini gazanmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň öz gezeginde bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, zerur işleri durmuşa geçirýärler.
Milli Liderimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda hususy ulgamyň işini höweslendirmek we olara döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, ýaňy ýakynda “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” karary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň bazarlarynyň özboluşly aýratynlygy bolup ol, sarp edijileriň islege we teklibe bolan täsirini öwrenmäge gönükdirilen marketing seljermeleri geçirilende birnäçe ýagdaýlary hasaba almagy talap edýär.
Ýagny, sarp edijileriň islegini we teklibini öwrenmek bilen, täze önümleri işläp taýýarlamaga, önümleriň hil häsiýetlerini üýtgetmäge, nyrh kesmäge, mahabat ýüzlenmelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Şol sebäpden hem, sarp edijileriň işleglerini öwrenmek, islendik kärhananyň wajyp wezipeleriniň biri bolmagynda galýar.
Häzirki wagtda, sarp edijileriň dürli görnüşliönümlere bolan islegleri günsaýyn ýokarlanýar. Şu nukdaýnazaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda önüm öndürijilere köp möçberlerde dürli görnüşli önümleri öndürmeklige şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň önüm öndürijilere döredýän şertleriniň we giň mümkinçilikleriniň netijesinde, ýurdumyza import edilýän käbir harytlaryň ornuny tutuýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi, önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän önümleriň käbirleriniň bolsa, eksporta iberilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde özüniň oňyn netijesini hem berýär.
Milli ykdysadyýetimizde önüm öndürijilere yzygiderli berýän goldawlary we döredýän giň mümkinçilikleri üçin, hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Serdar Döwletow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Teswirler