Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hem-de hususy ulgamyň ösmegine maliýe taýdan ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen 3 ýyllyk SWAP derejesine goşmaça ýyllyk 4,5 göterimli, 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan 3 ýyla çenli möhlete maliýe ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Teswirler