Aşgabatda kosmosa nireden “uçup” bolýar?

Kosmosa uçup görmek duýgusyny başdan geçirmek üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Älem” dynç alyş merkeziniň Kosmos muzeýinde mümkin.

Bu ýerde kosmos we kosmonawtikanyň ösüşi bilen baglanşykly eksponatlar, wirtual teleskoplar, interaktiw grafika, simulýasiýalar, planetariýa, simulasion raketa kabinasy, 3D kinoteatr ýerleşdirilen.

Eksponatlaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Konenko barada ýörite diwarlyk aýratyn üns çekýär.

Bu ýerde galaktikalar, Gün ulgamy, planetalar, gara deşik baradaky maglumatlary wizual ekranlarda interaktiw ýagdaýda görüp bolýar. Planetariýa otagynda bolsa ýarym şar gümmezde täze tapylan ýyldyz ulgamlary barada gysga metraž film görkezilýär. 3D kinoteatrda bolsa nätanyş planetada ulagly gezmek duýgusyny ýörite hereket edýän oturgyçlarda oturyp başdan geçirip bolýar.

Dynç alyş günlerini peýdaly geçirmek maksady bilen aşgabatly ýaşlar bu ýere gezelenç etdiler. Şeýle-de “Älem” dynç alyş merkezinde ýerleşýän bouling merkezinde we billiard otagynda özara ýaryşdylar.

Bugünki gezelenç Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy beýleki syýasy we jemgyýetçilik işleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek barada köpugurly işler alyp barýar. Telekeçilik okuw maslahatlary, maliýe goýum taslamalary, önümçilik kärhanalaryna gezelençleri, kitap okamak bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklaryny yzgiderli geçirilip durýar.

Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher
komitetiniň baş hünärmeni

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok