Türkmen milli önümleriniň şöhlelenilişi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça täze sepgitleri gazanýandygyny aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, şöhratly taryhymyz, dana pelsepämiz, gadymy hem şirin zybanymyz, nusgalyk däp-dessurlarymyz, nepis şaý-seplerimiz, halylarymyz, küýze eserlerimiz äleme ýaň salýan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzdygyny jaýdar belleýär. Halkyň ruhy dünýäsiniň baý bolmaklygyny nazarlap, ylym-bilimi, edebiýaty, sungaty, medeniýeti, edebi mirasy ösdürmek we dürs öwrenmek barada giň mümkinçilikler açýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda birnäçe ugurlar nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşçylyk, binagärçilik we beýleki milli sungat ugurlary boýunça bilim berilmegi bilen bu günki günde zehinli uçurym talyplar diplom eserleri bilen çykyş etdiler. “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynda zergärçilik, halyçylyk we keramika sungaty hakykaty suratlandyrýan (realistik) şekillendiriş sungatynyň hem çylşyrymly tärlerini özleşdirýärler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Annabibi Islamowanyň, Gülara Babaýewanyň, Nurýagdy Mürrikowyň, Ogulgerek Myradowanyň, Aýjemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň zergärçilik bölümine degişli bolan uçurumlar Aziz Kalandarow “Ganat bagla Ahalteke bedewim” atly at şaý-sepi, Maýsa Weliýewanyň  “Zenan mukaddesligi” atly saçlyk, egme, gülýaka ýaly diplom eserleri, kulalçylyk eserlerinden Gülşat Baýryýewanyň “Köneürgenjiň mirasy” atly 3 sany küýze toplumyny, Käkilik Sytdyhowanyň “Änew ýadygärligi” atly 5 sany küýze önümini, halyçylyk sungaty boýunça Gülälek Nepesowanyň “Deňiziň gözellikleri” atly haly eseri, Ogulbahar Ylýasowanyň “Derweze gölli haly” atly haly eserini görkezmekleri bilen ýokary baha mynasyp boldylar.

Zergärler häzirki günde diňe bir gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini döretmän, eýsem şanly senelere bagyşlanan sowgatlyk önümleri, behişdi bedewlerimize niýetlenen bezeg şaýlary ýasaýarlar. Ýaş zergär uçurumlar ýerine ýetiren diplom eserlerini ýagny, bezeginde dürli tärlerden – çekiçläp ýasamakdan, çyzmakdan, guýmakdan, galyplamakdan, altyn çaýmakdan peýdalanýarlar. Zergärleriň gurallary ownuk – öz çyzygy we nagşy boýunça dürli galyplar, kesiji gurallar we çekiçler bolup durýar. Olar eserlerinde hakyk, pöwrize we beýleki  reňkli aýna gaşlary bilen gelin-gyzlarymyz, bedewlerimiz üçin niýetlenilen bezeg şaýlaryny haşamlaýarlar.

At şaý-sepleriniň ulanylyş däpleriň taryhy köklerini kesgitlemek kyn däl. Türkmen ýigidiniň wepaly dosty bolan bedewi haý-haýly tutlyşyklar wagtynda ýaýyň oklaryndan we naýzalardan goramaly bolupdyr. Şonuň üçin adamlar özleriniň wepaly syrdaşlaryny başardyklaryça gorapdyrlar. Bedewi gözden-dilden goramak üçin onuň maňlaýlygy hökmany suratda iri hakyk daşy bilen bezelipdir. Atyň gursagyna gorag üçin göwüsbent goýlup, onuň häzirki günlerde hem doga-tumar häsiýeti bar.

Begençgeldi Amanowyň “Eýer” atly at bezegi ata münülende rahat oturmak üçin ulanylýar. Eýer agaçdan ýasalyp, daşyna deri-gön çekdirilýär. Eýeriň üstünde oturan adam ikibaka oýnamaz ýaly eýeriň gaşy biraz beýigräk edilip ýasalýar. Eýeriň iki gapdalyndan üzeňňi dakylar ýaly deşijekler goýlan. Gürlük – eýeriň yzky ýaý görnüşli bölegi. Gürlüge çüý dakylyp, ondan ýolda gerek bolan enjamlar asylýar. Eýerkeçe – eýeriň üstünden goýulýan kiçeňräk keçe. Üzeňňi – atyň üstüne münüp-düşmek, üstünde oturylanda, aýagyňy goýmak üçin eýeriň iki ýan gapdalyndan asylýan halka görnüşli enjam. Aýak ildirilýän ýeriň ýokarsy ýarym aýlaw şekilli bolup, aýagyň basylýan ýeri bolsa ýasy bolýar. Çeki – atyň eýeriniň üsti bilen döşüniň aşagyndan aýlanyp alynýan gaýyş. Guşgun – eýeriň öňe süýşmezligi üçin atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, eýeriň öňünden dakylýan demir tokaly gaýyş. Uýan – atyň kellesine geýdirilýän uzyn gaýyş halka. Uýanyň ýüzi bezeg şaýlar bilen bezelýär. Agyzdyryk – uýanyň bir bölegi, atyň agzyna salynýan goşa halkaly demir. Agyzdyryk, esasan, kümüşden ýasalýar. Agyzdyryk atlar çapyşyga goýberilende ýa-da uzak ýola ugralanda, şeýle hem atyň baş bermezliginiň öňüni almak üçin geýdirilýär. Jylaw – agyzdyrygyň iki gapdalyndan çekilýär.

Bulardan başga-da, kulalçylyk eserini mysal getirsek taryhy çeşmelerden ugur alynan medeni mirasymyz hasaplanylýan Köneürgenjiň, Änewiň gymmatlyklaryny, behişdi bedewlerimiziň waspyny, küştdepdi tansynda oýnaýan gahrymanlaryň, gelinleriň keşlerini, gülleýän Diýarymyzyň, asuda-parahat ýurdumyzyň şadyýan ynsanlaryny her bir sünnälenilip ýerine ýetirilen küýzelerde görmek bolýar. “Keramika” – “keramus” grek sözünden gelip çykýar we küýzegär diýmegi aňladýar. Keramika gaplar owadan geometriki, ösümlik, haýwanat dünýäsinden alynan şekiller bilen nagyşlanypdyr.

Halyçylyk sungaty boýunça ussatlyk gazanan uçurymlar üýtgeşik milli öwüşginli haly eserlerini dokap, olar synlaýjylaryň ünsüni çekdiler. “Şelpeleriň owazy”, “Deňiziň gözellikleri”, “Derweze gölli haly”, “Üýtgeşik milli nagyşly haly” diýlip atlandyrylan halylar diýseň nepislik bilen ýerine ýetirilipdir. Türkmen halkynyň halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Ol türkmen halkynyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigine irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny saklamakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bezeg üçin giňden ulanylýar.

Türkmenlerde “Bir okana, bir dokana” diýilýär. Bu pähimde halk öz ussat senetçisine uly hormatyny, söýgüsini beýan edipdir. Türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Halylar gönüburç, dörtburç, tegelek, ýarym tegelek ýaly taslama görnüşde dokalypdyr. Olaryň nagyşlarynda esasan ösümlikler, haýwanlar, durmuş esbaplary şertli görnüşinde şekillendirilipdir. 

Biziň ussat, zehinli uçurumlarymyzyň ata-babalarymyzdan galan medeni mirasymyz bolan zergärçilik, halyçylyk, kulalçylyk sungatyny halypa şägirtlik ýoly esasynda dowam etdirmeklerini arzuw edýäris.  

.

BAHAR Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok