Maliýe hasabatlylygy – döwrebap resminamalar toplumy

      Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki döwürde ulgamlarda bar bolan  mümkinçilikleri has doly peýdalanmalydygyny, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrylmalydyr” diýip belleýär.

Bu hem öz gezeginde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň sanly innowasion döwrebap tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin, maliýe taýdan sowatly bolmaklaryny şertlendirýär.

     Bäsdeşlik, innowasiýa we iş orunlaryny döretmek – bularyň ählisi häzirki zaman ösen sanly maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen bagly ugurlary özünde jemleýär.

     Häzirki zaman dünýäniň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän maliýe hasabatlylygynyň döwrebaplylygy – munuň özi döwrüň talaby, ösen islegi kanagatlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu bolsa öz gezeginde, ähli işleri göwnejaý guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işiň netijeliligine we onuň hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

         Ýurdumyzda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,       maliýe hasabatlylygynyň esasy maksatlarynyň biri, bu hojalyk subýektiň maliýe ýagdaýy we onuň işiniň maliýe netijeleri hem-de pul serişdeleriniň hereketi barada hasabatdan peýdalanyjylar tarapyndan ykdysady çözgütler kabul edilende olara peýdaly bolup biljek maglumatlary bermekden ybarat bolup durýar.

      Maliýe hasabatlylygynyň döwrebap resminamalar toplumy, edara-kärhanalaryň we guramalaryň serişdelerini dolandyrmak boýunça işleriniň netijelerini hem açyp görkezýär.

     Maliýe hasabatlylygynyň doly toplumy şu aşakdakylary öz içine alýandyr ýagny, maliýe hasabatlylygynyň baş sahypasy, maliýe ýagdaýy barada hasabaty, jemi peýda barada hasabaty, girdejiler we çykdajylar barada hasabaty,  üýtgemeler barada hasabaty, arassa aktiwlerdäki-maýadaky üýtgemeler barada hasabaty, pul serişdeleriniň hereketi barada hasabaty şeýle-de maliýe hasabatlylygy boýunça degişli belliklerden we düşündirişlerden ybarat bolup durýandyr.

    Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň ykdysady işjeňligine baglylykda, maliýe hasabatlylygyny düzmek boýunça talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu görnüşler hojalyk subýektiň garaýşyna görä üýtgedilip ýa-da olara degişli setirler goşulyp hem bilinýär. Her bir hojalyk edara-kärhanalaryň we guramalaryň alyp barýan işleriniň dürli ugurlydygyna garamazdan, ýeke-täk maliýe hasabatlylygyny düzmäge borçly bolup durýarlar. Umumy maksatly maliýe hasabatlylygy  bir senenama ýylyny öz içine alýandyr we ol bolsa hasabat döwri hökmünde kabul edilýär. Şeýle-de aralykdaky maliýe hasabatlylygy hasabat ýylynyň başyndan ösýän jem bilen düzülip, ýylyň çärýegi ýa-da ýarym ýyllyk döwri aralykdaky maliýe hasabatlylyk üçin hasabat döwri bolup durýar.  

   Ösen döwrebap tehnologiýalarynyň we sanly innowasiýalaryň milli ykdysadyýetimize has içgin ornaşdyrylýan wagtynda kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

    “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bagly döredýän giň mümkinçilikleri we berýän ýadawsyz goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömüriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Aýmämmet Annaorazow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň dosenti,
ykdysady ylymlaryň kandidaty

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok