Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhnasynyň hünärmenleri Mary-Türkmenabat şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen №191 belgili AÝGB-ni abatlap, işe girizdiler. Bu barada turkmenportal web habar portaly belläp geçýär.
Beketde abatlaýyş, gurluşyk-gurnama işlerini «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň №7 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Täze döwrebäp ýangyç guýujy kolonkolar we enjamlary ýerleşdirilen bu ýangyç guýujy beketde nagt hasaplaşyklar bilen bir hatarda, elektron kartlaryň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklar hem ýola goýuldy.
Saýtyň bellemegine görä bu AÝGB bir günde 650 awtomobile hyzmat etmäge ukyply. Sarp edijiler üçin benziniň we dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. AÝBG hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak babatda elmydama iş alyp barýar.
Çüriýew Maksat
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler