Durnukly ösüşiň esasy maksady durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdyr

      Ýurdumyz halkara howpsuzlygy saklamagyň we pugtalandyrmagyň, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda oňyn özara hereketi ösdürmegiň baş kepili hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny we öňdebaryjy ornuny ykrar edýär.

      Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmaga özüniň parahat söýüjilikli, dörediji güýjüni gönükdirmäge hemişe taýýardygyny beýan edýär we muny iş ýüzünde görkezýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen jebis hyzmatdaşlyk etmek, ýurdumyzda ileri tutulýan strategik ugurlaryň biri bolup durýar.

       Eziz Watanymyzyň depginli ösýän ykdysady we durmuş ulgamynyň üstünlikli ösdürilmegi, ilatyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna giňden goşulyşmagy ýaly mümkinçilikleri öňünden kesgitledi.

      Durnukly ösüşiň maksatlary 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça gün tertibiniň esasyny düzüjiler hökmünde BMG-a gatnaşyjy ähli ýurtlar tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edildi.                                                                                    

      Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary degişli milli strategik maksatnamalara we meýilnamalara uýgunlaşdyrmak boýunça işleri Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň we görkezijileriniň ýurdumyza laýyklygyna geçirilen seljermäniň netijesinde 17-i sany maksady we  121-sany wezipeleri saýlanyp alyndy.

     Şu nukdaýnazaryndan, ýurdumyz Durnukly ösüşiň maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini amala aşyrmaga aýratyn üns berýär. Kabul edilen 17-i sany maksadyň esasy maksady, dünýäniň serişdelerini gorap saklamaga, hemmeler üçin deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

     Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025–nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň kabul edilmegi, bu resminamanyň dürli ugurlarda, ýagny ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak hem-de saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

     Kabul edilen Maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň ýurdumyzyň Hökümeti bilen 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Onuň esasy maksady bolsa, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde hem-de ýurdumyzyň  Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde uly goldawyň boljakdygyny aýdyňlygy bilen subut edýär.

     “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bu kabul edilen maksatnamanyň dowam etdirilmegi aýratyn uly mana eýedir. Sebäbi, bu işler Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýar.  

     Goý, mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallary we ýadawsyz aladalary hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli, döwlet ähmiýetli işleri üçin janyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!  

Şeker Dygyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok