Häzirki wagtda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” uly üstünlikler bilen durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulag pudagynda hem gazanylýan ösüşler olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda amala aşyrýan işleri, ýetilýän sepgitleri we oňyn netijeleri ýurdumyzyň global maksatlaryny milli derejede yzygiderli durmuşa ornaşdyrýandygyny aýdyň subut edýär.
Häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän «sanly ösüş» ýurdumyzyň bu ulgama goşulyşmagyna zerurlyk döretdi we möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizildi.
Häzirki döwürde Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag ulgamynda öz kuwwatyndan has doly peýdalanmaga çalyşýar.
Türkmenistan döwletimiz sebitiň möhüm ulag, iri halkara logistika merkezine öwrülýär.
Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi hem-de oňyn başlangyçlaryny öňe sürýän we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda netijeli işler alnyp barylýar we bu meýiller yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümi döredildi we yzygiderli ösýär, özgerýär. Şunuň netijesinde Ýewraziýa yklymynyň esasy ulag ýollary – howa, deňiz, awtomobil we demir ýollary birleşýär hem-de ýurdumyzyň ulag pudagy üçin amatly şertler döredilýär.
Howa ulaglary pudagynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki we halkara howa gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ulag infrastrukturasynyň emele gelmegini çaltlandyrýar. Raýat awiasiýasy ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Mähriban Arkadagymyzyň ulag pudagynyň ösdürilmegi babatynda edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde yzygiderli esasda iň täze döwrebap uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar hem-de tehniki işgärler taýýarlanylýar, bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we halkara derejelerine gabat gelýän halkara howa menzilleri gurulyp ullanylmaga berilýär. Muňa mysal hökmünde, ýakyn wagtlarda gurluşygy doly tamamlanyp ullanylmaga beriljek ýurdumyzyň gündogar sebtinde ýerleşýän Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki howa menzilidir.
Howa ulaglary pudagynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sanly özgerişleri başdan geçirýän dünýä ykdysady hojalygynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, islendik howa menziliniň ýolagçy hem-de ýük dolanyşygynyň mukdar we hil görkezijileriniň artdyrylmagyna hem-de hasabatlylygyň talaba laýyk alnyp barylmagyna şertleri döredýär.
Sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler, netijeli ösüşiň girewidir.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Annamyrat Altyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň
uly mugallymy
Teswirler