Batuminiň deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlarynda (Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan) öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri multimodal terminal açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Report saýty habar berýär.
Saýtda habar berilmegine görä, Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigi bellenilýär. Täze açylan dökün terminaly ýylda 1,5 million tonna mineral dökünleri gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada öndürilýän önümler Azerbaýjanyň üsti bilen Batumä getirilip, ol ýerdenem ABŞ-daky, Ýewropadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky sarp edijilere ugradylýar.
Teswirler