Ykdysadyýetimiz sanlylaşýar

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik — önümçilik — sarp ediş üçburçlygyna uly täsirini ýetirýän sanly ykdysadyýet häzirki döwürde önümçilik pudaklarynyň tasdan ählisini öz içine alýar. Aragatnaşyk ulgamy we senagat pudagy sanly ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar babatda gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär.

Häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de, maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti artyp, olar adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy we gysga wagtda oňa elýeterliligiň artmagy dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, şonuň netijesinde durmuş gurşawynyň, şol sanda ykdysadyýetiň üznüksiz özgerýändigini tassyklaýar.

Bu gün durmuşymyza yzygiderli ornaşdyrylýan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma ýaly hyzmatlar sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbirleridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy wagtyň hem-de serişdeleriň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz görnüşde ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna ýardam edýär.

Ylmyň we tehnologiýanyň pajarlap ösmegi netijesinde awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk edýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler düýpgöter ýeňilleşýär. Agyr işler tehnikanyň üstüne ýüklenýär. Emma oňa derek işgärden ylym-bilim, tehniki sowatlylyk talap edilýär, olar zähmetiň hökmany şertine öwrülýär.

Häzirki döwürde öňki agrar ykdysadyýetli ýurtlar senagatlaşýan döwletlere öwrülýär, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýär. Sanly ykdysadyýet senagat önümçiligini we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny maksatnama üpjünçiligi arkaly dolandyrmak hem-de önümçilikde, täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmakdyr.

Gysga taryhy döwrüň dowamynda sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň bütindünýä hojalyk gatnaşyklarynda mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny hem-de uzak geljegi nazarlaýan howpsuz we ygtybarly ösüşi üpjün eder. Bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary emele geler. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy innowasion ösüş we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty ep-esli azaltmagyň hasabyna serişdeleri tygşytly hem-de daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga, iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminama dolanyşygyna geçmäge oňyn täsirini ýetirer.

Hojaýewa Tuwakgül
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok