Garaşsyz Türkmenistanyň nakgaşlygynda medeniýet we sungat işgärleriniň keşbi

Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygyny alanyndan soň, milli medeni gymmatlyklarymyzy täzeden öwrenmek we dikeltmek işlerini ileri sürüldi. Garaşsyzlyk döwründe türkmen şekillendiriş sungatynda uly özgerişler bolup geçýär. Suratkeşleriň döredijiliginde türkmen ýazyjydyr-şahyrlaryň, sazandalaryň, suratkeşleriň keşpleri beýan edilýär.

Asyrlaryň dowamynda köpsanly ajaýyp ussatlaryň döredijiligini içine alýan portret sungaty ösüp, özgerip gelýär. Her bir suratkeşiň döredijiliginde ýaşan döwrüniň häsiýetini, adam keşplerini we olaryň gylyk-häsiýetlerini, şeýle hem döwürdeş suratkeşleriniň portretlerine duş gelmek bolýar. Sebäbi her bir döredijilik adamy özüniň baý dünýägaraýşy, gözýetimi bilen tapawutlanýar. Her bir suratkeşiň döredijilik häsiýetine görä-de onuň öz işleri aýratyn bolýar. Dünýä ýüzünde ýaşap geçen we ýaşaýan suratkeşleriň eserlerinde hem şol tapawutlary görmek bolýar. Suratkeş portret eserinde adamyň diňe daşky keşbini däl, eýsem, onuň içki häsiýetini, ýagdaýyny we suratlandyrylýan modeliň ýaşaýan döwrüni duýup kendire siňdirmegi başarýar. Suratkeşleriň döredijiliginde öz döwürdeşleriniň, kärdeşleriniň we dostlarynyň portret eserlerine duş gelmek bolýar. Her bir ussat nakgaşyň döredijilik häsiýeti aýratyn bolýar.

Durdy Baýramow türkmen nakgaşçylyk sungatynyň taryhynda ajaýyp portret ussady hökmünde tanalýar. Onuň eserlerinde reňk sazlaşygy, ýagny ýyly reňk öwüşginleri esasy orny eýeleýär. Nakgaşçylykda gyzyl reňk gözelligiň, ýaşaýşyň nyşany bolup durýar. Ol köplenç eserlerinde döwürdeş döredijilik adamlary bolan suratkeşleriň, aktýorlaryň we kompozitorlaryň keşbini beýan edýär. Olarda şahsyýetleriň içki dünýäsini we psihologik aýratynlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen ýazýar. 

Durdy Baýramowyň döredijiliginiň aglaba bölegini tutýan portret eserleriniň arasynda ussatlyk bilen ýerine ýetirilen suratkeş Ýakup Annanurowyň portreti  (1990–1998) hem bolup durýar. Nakgaş, teatr we kino suratkeşi Ýakup Annanurow öz döredijiliginde portret toplumyny döredýär. Ol  öz eserlerinde döwürdeşleriniň şahsy we psihologik häsiýetleri bilen tapawutlanýan keşplerini açyp görkezýär. Onuň döredijiliginde taryhy we tematiki žanr nakgaşçylygyna hem ýüzlenýär. Ýakup Annanurow “Daş gelin” we “Aýratyn tabşyryk” atly kinofilmleriň döredilmeginde we “Şasenem we Garyp”, “Görogly” atly operalaryň döredilmegine gatnaşýar. Durdy Baýramow Ýakup Annanurowyň portretinde onuň gyzyl kürsüde rahat ýerleşen, tomaşaça seredip oturan pursadyny suratlandyrýar. Suratkeşiň egnindäki çal penjeginde orden-medallary görkezilýär. Ýaşy uly suratkeşiň keşbinde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, öz Watanyny goran gahryman, uzak durmuşy başdan geçirendigini görmek bolýar. Hamala  suratkeşiň özi gelen tomaşaçy bilen oturan ýerinden söhbetdeş bolýan ýaly bolup dur.

 D. Baýramow Garaşsyzlyk döwründe ençeme portretlerini öz döwürdeşlerine, aýratyn hem medeniýet we sungat işgärlerine bagyşlaýar. Durdy Baýramow portret žanrynyň ussady hökmünde özüni ykrar etdirdi. Onuň döreden dürli kärdäki şahsyýetleriniň keşpleri sungatyň taryhynda aýratyn nusga hökmünde kabul edildi. D. Baýramowyň döredijiliginde döredijilik işgärleriň keşbi suratlandyrylýar. Olaryň içinde “Ý. Annanurow” (1990–1998), “K. Oraznepesow” (1992), “Halk bagşy Ö. Nobatow” (1992-1993), “A. Amangeldiýew” (1993–1995), sungaty öwreniji “G. Öwezberdiýew” (1992), “Kinorežissýor Ý. Seýidow” (1993), “Sungaty öwreniji Ý. Grişiniň portreti” (1996), “Yzzat Gylyjow” (1997), “Annageldi Jülgäýewiň portreti” (1997), “Kompozitor W. Muhadow” (1998), “Režissýor D. Öräýew” (1998),  “Halk suratkeşi Ş. Akmuhammedow” (1999), “Piýaninoçy O. Annamyradowanyň portreti” (2001), “B. Owganow” (2002), “Halk ýazyjy R. Esenow” (2002), “Suratkeş Berdiguly Amansähedowyň portreti” (2003), “Heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedowyň portreti” (2003), “Dirižýor Çary Mommadowyň portreti” (2006), “Suratkeş Işanguly Işangulyýewiň portreti” (2010), “Suratkeş Batyr Bekmyradowyň portreti” (2008), “Heýkeltaraş Saragt Babaýewiň portreti” (2010), “Heýkeltaraş  Babasary Annamyradowyň portreti” (2013) we beýlekileriň portretleri uly galereýany emele getirýärler.

1992-nji ýylda suratkeş öz kärdeşi bolan Kakajan Oraznepesowy ussahanasyndaky iş pursatynda suratlandyrýar. Ol tomaşaça bakyp eserleriniň birini döredip dur. Kakajan Oraznepesowyň döreden sungat eserleri türkmen güneşiniň, milli durmuş hajatynyň we ýaşaýyşyň gudratly güýjüne eýedi. Suratkeşiň eserine syn eden wagtyňda onda şekillendirilen zatlary aýdyň duýup başlaýarsyň. Olaryň maddylygy ussatlyk bilen ýüze çykarylýar. Bu portretde suratkeşiň durmuşyny gurşap alýan zatlar hem şekillendirilýär. Diwarda çekilen suratlar eseriň çep gapdalynda ýerleşdirilen gap-gaçlar toplumy eseri deňagramlylyga getirýär we iş ýagdaýyny pursatlaýyn şöhlelendirýär. Eser ýyly reňkleriň aýdyňlygy bilen bellenýär. Suratda ulanylan ölçeg gatnaşygy içki mazmuny, giňişligi açmaga ýardam berýär.

D. Baýramow dünýä halklaryna özüniň zehini bilen tanadan, meşhur türkmen suratkeşi Yzzat Gylyjowyň portretini 1997-nji ýylda çekýär. Bu portretde suratkeş öz ussahanasynda kürsüde ýerleşip, tomaşaça garap otyr. Onuň içgin nazary söhbetdeşlige çagyryp duran ýaly bolup dur. Suratkeşiň arka ýüzünde onuň döreden eserleriniň biri ýerleşdirilen. Onda suratkeş öz kakasynyň keşbini şöhlelendirýär. Baýramowyň eserinden iki keşp hem bizi synlaýar. Onda ataly-ogul öz durmuşy barada gürrüň berýär. Olaryň ikisi hem öz döwrüniň bilimli, medeniýetli adamlary bolup türkmen halkynyň ýaş nesline täsir ýetiripdi. Durdy Baýramow bu ýerde üýtgeşik usulyýeti ulanýar. Sebäbi, bir suratyň içinde özara baglanyşykly keşpleri görkezýär. Olaryň ikisi hem öz döwrüniň gahrymanlarydyr. Esasan hem Yzzat Gylyjowyň egnindäki penjeginde ýerleşdirilen dürli derejeli döwlet nyşanlary onuň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýär. Eserde häsiýetli ýyly reňkler agdyklyk edýär. Olaryň üsti bilen Durdy Baýramow surata geçirýän keşbine öz gatnaşygyny hem belleýär. Ol öz gahrymanynda filosofiki dünýägaraýyşly, baý tejribeli we jemgyýetde öz ornuny tapan şahsyýet bolandygyny görkezmegi başarypdyr. Ony Beýik Watançylyk urşunyň weterany we sungat ussady hökmünde suratlandyrylýar. Yzzat Gylyjowyň döredijilik ýolunda ençeme portret eserleri döredi we türkmen nakgaşçylyk sungatynyň taryhynda yz galdyrypdy. Olaryň arasynda: “Men we ejem”, “Güýz aýdymy ”, “Läle. Üljeli gyz”, “Halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň portreti”, “Halk artisti Bazar Amanowyň portreti” we köpsanly eserleri häzirki wagtda nakgaşçylyk sungatynda öz ähmiýetli ornuny tapdy.

Suratkeş türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz galdyran kompozitory Weli Muhadowyň  we dirizýor Çary Mommadowyň keşplerinde olaryň ruhy ýagdaýyny we häsiýetlerini hakykylyk bilen beýan edýär. 2012-nji ýylda çekilen Anna Meläniň portretinde artistiň döredijiligini aýdyň görkezmek üçin taslamanyň yzky meýilnamasynda teatr sahnasyndaky ýagdaýy tans edip duran zenanyň keşbi bilen alamatlandyrylýar.

Suratkeş Kakajan Oraznepesow 1992-nji ýylda Bäşim Nuralynyň portretini ýerine ýetirýär. Portretde ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralyny oturan pursadynda suratlandyrýar. Bäşim Nuraly nakgaşçylyk sungatyndan daşary saz gurallary hem ýasaýardy. Şol sebäpli Kakajan Oraznepesow onuň elinde saz guralyny suratlandyrýar. Bäşim Nuralynyň döredijiligi türkmen halky, onuň däp-dessurlary, toý-baýramlary bilen baglydyr. Bu aýratynlyklary onuň eserlerinde görmek bolýar. Şeýle döredijilikli suratkeşiň  ussatlygyny bu eseriň yzky meýilnamasynda suratkeşiň “Bagşy çopanlaryň arasynda” çeken eserinden görmek bolýar. B. Nuraly bu eserde diňe nakgaşçylyk sungatynyň wekili däl-de, eýsem, sazanda hökmünde hem suratlandyrylan. 

Garaşsyzlyk döwründe önjeýli işlemäge dowam eden Çary Amangeldiýewiň döredijiliginde görnükli nakgaşlar Haky Allaberdiýewiň we Aman Kuliýewiň portretleri döredipdir. 1993-nji ýylda döredilen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan suratkeş Aman Kuliýewiň keşbini suratlandyrýan portret hem uly orun tutýar. Çary Amangeldiýew öz döredijiliginde kärdeşi Aman Kuliýewiň keşbini urşa gatnaşan gahryman hökmünde görkezýär. Bu eser dabaraly portret bolup durýar. Hamala suratkeşiň özi tomaşaça syn edip duran ýalydyr.

Garaşsyzlyk döwründe nakgaşlaryň döredijiliginde halypalaryň keşbini kendiriň ýüzünde şekillendirýändigine Ahatmyrat Nuwwaýewiň “Halypam” (2000) (57-nji surat) atly eseri aýdyň görkezýär. Goňur, mele, gara reňk çözgüdi arkaly ýerine ýetirilen portret Çary Amangeldiýewiň keşbini hakykylyk bilen janlandyrýar. Çünki ony tanaýan adamlaryň ýadynda halypa şeýle görnüşde galandyr.

Daňatar Çaryýewiň döreden portretlerinde medeniýet we sungat işgärleriniň keşbi hakykylyk bilen şöhlelendirilýär. Onuň monumentalçy suratkeş Muhammetmyrat Goçmyradowyň (1974) portreti etýud görnüşinde ýerine ýetirilipdir. “Halypam Orazguly Kasymowyň portreti” (2014) atly eserinde bolsa Çaryýewe peýzažyň üstünde işlemeklige bolan söýgüsini geçiren onuň obadaşy Orazguly Kasymowyň ak eşikli keşbinde şahyranalyk we joşgunlylyk iri reňk çalnan zolaklary (mazoklary) arkaly şöhlelendirilýär. D. Çaryýewiň öz maşgala agzalaryna bagyşlanan ençeme nakgaşlyk we grafika eserleri bar. Olardan Aýjemal gyzyna bagyşlanan eserleri aýratyn tapawutlanýar. A. Çaryýewa zergärçilik önümleriň ählisinde türkmen tebigatynyň, zenanlaryň keşplerini, halk dessanlarynyň gahrymanlaryň şekillerini çeper haşam dilini ulanyp, inçelik bilen nepis eserlerini döretmäge çalyşýar.  A. Çaryýewa gelin-gyzlaryň keşbine bagyşlap, “Harmandäli” atly bilezigini, “Gyrat” boýun bezegi, “Gyzlar baga geledir” atly bukawy, “Monjukatdy” atly boýun bezegini, “Küştdepdi” ýaly şaý-seplerini ýasaýar. Zergär özüniň döredijilik eserleri bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginde we beýleki döwlet bäsleşiklerinde ýeňiji bolmak miýesser etdi.  D. Çaryýewiň 2014-nji ýylda döredilen Aýjemal Çaryýewanyň portreti ýagty reňk çözgüdi esasynda çekilip, ýaş zergär suratkeşiň ajaýyp adamkärçilik häsiýetlerini, mähirliligi, ajaýyplygy we baý ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Aýjemalyň “gülleriň şasy” hasaplanylýan bägülleriň şekilleri bilen bezelen mawy köýnegi yzky meýilnamasyndaky bägülli güldany bilen sazlaşýar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Gulnazar Begmyradow sungatda täze gözleglerde öz işdeşleriniň eserlerine hem ünsli seredipdir. 2015-nji ýylda özüniň 80 ýaşyna mynasybetli şahsy sergisine uly portret toplumyny ýerine ýetirýär. Onda öz döwürdeşleri, kärdeşleri we dostlary bolan suratkeşler Yzzat Gylyjowyň, Mämmet Mämmedowyň, Juma Jumadurdynyň, Stanislaw Babikowyň, Durdy Baýramowyň, Çary Amangeldiýewiň, Şamuhammet Akmuhammedowyň we öz awtoportret eserini ýerine ýetirýär. Portretlerde her bir suratkeşiň öz aýratyn häsiýetlerini ýüze çykarmagy, olaryň döredijilik aýratynlyklaryny tomaşaça aýdyň beýan etmegi başarypdyr. Ol Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň portretinde elinde nyşan görnüşinde nakgaşlyk eserleriniň birini suratlandyrýar. Bu hem eserde beýan edilen keşbiň suratkeşdigi hakynda habar berýär. Eseriň reňk sazlaşygynda hem Yzzat Gylyjowyň çeperçilik diliniň aýratynlygyny görmek bolýar. Suratkeş Şamuhammet Akmuhammedowyň portretinde eli gitara bolan saz guralyny görkezmek bilen belki-de Gulnazar Begmyradow özüniň ýatlamalary esasynda galan täsirleri şöhlelendiripdir. Çünki bu iki suratkeş hem ýakyn dost bolupdyrlar. Taslamanyň yzky meýilnamasynda nakgaşçylyk eseriniň arka tarapy görkezilip, Ş. Akmuhammedowyň ussahanada dynç alyp duran pursady şekillendirilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşiniň ýüz keşbini açyk gök reňk bilen ýerine ýetirmeginiň sebäbi bu ussadyň dünýäden ötendigini alamatlandyrmagy  bilen baglydyr. 

Heýkeltaraş Juma Jumadurdynyň portretinde hem suratkeşiň iň belli kiçi göwrümli heýkeljigi suratlandyrýar. Portretde Juma Jumadurdynyň tomaşaça mähirli ýylgyryp duran ýagdaýyny şekillendirmek bilen, bu ýerde suratkeş özünde galan ýakymly täsirini açyp görkezmäge çalyşýar. Yzky eseriň meýilnamasynda ýerleşdirilen biri-birine tarap seredip duran erkek we aýal sudurlarynyň aralygyndaky ýagtylygyň ýitip gitmegi bu şahsyýetiň türkmen sungatynda öçmejek yz galdyrandygynyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Bu çeperçilik çözgütleriniň ählisi Juma Jumadurda mahsus bolan  simwolizm bilen baglydyr. Çary Amangeldiýewiň portreti modern akymyna has ýakyndyr. Sebäbi Çary Amangeldiýewiň döredijiligi dürli stilde bolup durýar. Portret toparynyň arasynda suratkeş belli portret ussady Durdy Baýramowyň keşbini has aýdyň beýan edilýär. Eserde Durdy aganyň ýylgyryşy, onuň garaýşy tomaşaçynyň ýanynda seredip duran ýalydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Wera Gyllyýewanyň impressonizm akymynda ýerine ýetirilen Ý. Madatowyň, Y. Gylyjowyň,  Ý. Annanurowyň, A. Kulyýewiň, N. Dowodowyň, A. Hajyýewiň portret eserlerini görmek bolýar. Esasan hem ol görnükli türkmen  nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň keşplerine ýüzlenipdir. Portretlerde nakgaş diňe naturanyň daşky keşbiniň hakykylygyna ymtylman, eýsem, olaryň ruhy dünýäsini açypdyr. Şeýlelikde, Ýedi Madatowyň portretinde (2009) Türkmenistanyň halk suratkeşiniň aýratyn hem heýkeltaraşlyk hünäri bilen meşgullanýandygyny görkezmek üçin onuň ellerini has hem ulaldylan görnüşde görkezýär. Eseriň reňk çözgüdi esasan gara, ak mazoklaryň yzygiderlilikde gaýtalanmagy döredijilige bolan hyjuwyny şöhlelendirýär. 

W. Gyllyýewanyň eserleriniň  naýbaşylarynyň biri hem “Yzzat Gylyjowyň portreti” (2013) atly nakgaşlyk işidir. Yzzat Gylyjow… Bu adamyň ady agzalanda, huşumyzda ilki bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny aryşlara ýetiren halypa suratkeşiň keşbi peýda bolýar. Ol diňe bir öz halkyna degişli bolman, eýsem, bütin adamzada degişli beýik şahsyýetleriň biridir. Yzzat Gylyjowyň sungaty köptaraply we ajaýyp sungat, gaýtalap bolmajak, özboluşly sungat. Eseriň hut şoňkydygyny oňa eýýäm bir gezek seredeniňde aňmak bolýar. Munuňam esasy sebäbi, Yzzat Gylyjowyň sungatynyň ilkinji nobatda, tutuşlygyna millilige ýugrulanlygy bilen baglanyşyklydyr. Yzzat Gylyjow türkmen şekillendiriş sungatyny dünýä medeniýetine ilkinji bolup çykaran ussat. Ol özüniň büs-bütin milli sungaty bilen, gaýtalamak mümkin bolmadyk talanty bilen dünýäni baryp eýýäm geçen asyryň 60-njy ýyllarynda haýran edip bilen adam. Onuň eýýäm hut şol döwürlerde döreden eserleri özüniň üýtgeşik milli öwüşgini bilen, türkmen ruhunyň hiç bir başga halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklaryny şekillendiriş sungatynyň özboluşly diliniň kömegi bilen açyp görkezmegi başarýanlygy bilen tapawutlanýardy.

2013-nji ýylda W. Gyllyýewa Yzzat Gylyjowyň keşbini ýerine ýetirende onuň täze eserine başlanmazdan öňki pursatyny suratlandyrypdyr. Taslamanyň yzky meýilnamasynyda arassa gruntlanan kendiriň öňünde çep elinde çotgany saklap, sag elini direnip dur. Halypanyň oýlanyşykly ýagdaýda durýandygyny onuň ýüz keşbine serediniňde aýdyň duýmak bolýar. Eseriň reňk sazlaşygy ýyly reňkler esasynda çözülýär. Gyzyl reňkde çekilen ýeňsiz ussadyň  döredijiliginde bu reňkiň aýratyn orun tutýandygyny alamatlandyrýar.

W. Gyllyýewanyň döredijiliginde türkmen nakgaşlygynda uly yz galdyran zenan suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň we ýaş zergär Aýjemal Çaryýewanyň mähirli keşbi ussatlyk bilen şekillendirilýär.

Mary suratkeşleriniň döredijiliginde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň keşbi giňden beýan edilýär. Olardan Meretdurdy Annagulyýewiň “Yzzat Gylyjowyň portreti” (2010) aýratyn saýlanýar. Hakykylyk bilen şekillendirilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjow ussahanada öz eserine ýaplanyp duran keşbinde şekillendirilipdir. Onuň gyzyl reňkli koftasy nakgaşyň iň gowy görýän reňkini alamatlandyrýar. Bu hem taslamanyň yzky meýilnamasynda diwara asylan nakgaşlyk eseriniň reňk çözgüdinden aýdyň duýulýar.  

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň döredijiligine göz aýlanymyzda elbetde nakgaşyň görýän gözelligi kendiriň ýüzüne ussatlyk bilen geçirip, tebigatyň dürli reňklerini saýlap bilýändigine göz ýetirýärsiň. Taslamany hakykylyk taýdan gurnamagyň güýçli duýgy taýdan täsir edýän serişdeleriň biri bolan reňkdir. Kamil Weliahmedowyň sungat eserleri türkmen şekillendiriş sungatynda özüniň mynasyp ornuny tutup, ýaş suratkeşlere nusga bolup hyzmat eder. Çünki olar özüniň sazlaşygy bilen şahsyýetiň içki sazlaşygyna täsir edýär.

Nakgaşyň portretlerinden egindeşleriniň keşplerini 2016-njy ýylda ýerine ýetirýär. K. Weliahmedowyň portretlerinde modernistik akymlarynda işleýän Jumadurdy Amandurdyýew (“Juma dädäniň  portreti”), Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýew (“Kakowyň  portreti”), Türkmenistanyň halk suratkeşi we mugallymçylyk kärinde ençeme şägirtleri ýetişdiren, türkmen peýzažynyň, natýurmortynyň özboluşlylygyny açyp görkezen halypa Annadurdy Almämmedow (“Mugallymyň portreti”),Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory,  Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, türkmen şekillendiriş sungatyny kämilleşdirmekde we zehinli ýaşlary taýýarlamakda goltgy berýän Ahatmyrat Nuwwaýew (“Ahadyň portreti”) impressionistik usulynda şekillendirilýär.

Awangard akymlaryň çeper çözgüdini peýdalanýan Annageldi Jumaniýazowyň döredijiliginde Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň we Babasary Annamyradowyň portretleri geometrik şekilleriň we ýiti reňkleriň çürt-kesik tapawutlarynyň esasynda çekilipdir. 

2010-njy ýyllarda Hojamuhammet Çüriýewiň “Gurbannazar Ezizowy ýatlap” we “Nury Halmämmedow” ýaly nakgaşlyk portretleri XX asyryň belli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowy we onuň dosty görnükli kompozitor Nury Halmämmedowy romantik ýagdaýynda şekillendirilýär.

Baýramdurdy Nuryýew 1994–2000-nji ýyllaryň dowamynda  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk kafedrasynyň kino suratkeşi bölüminde okaýar.  Şeýlelikde, onuň döredijilik ýoly kino sungaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ol birnäçe filmleriň kiçi göwrümli rollarynda hem özüni tanatmagy başardy.  2017-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýewiň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Gandym Annadurdyýewiň, aktýor, režissýor, ssenarist Kerim Annanowyň portretleri görnükli ussatlarynyň döredijiligini beýan edýär.

Berdi Çaryýewiň dörediliginde türkmen bagşy-sazandalarynyň keşbi “Baky ýaňlanjak aýdymlar” (2007), “Beýik  halypalar” (2018), “Döwürleriň mukamy” (2018) ýaly nakgaşlyk eserlerinde modernistik akymlarynyň täsiri astynda çekilipdir. Taslamalarda toparlaýyn görkezilen portretleriň her biri aýratyn bir reňk arkaly çekilipdir. Suratkeşiň “Baky ýaňlanjak aýdymlar” (2007) atly eseri Öwezgeldi Tekäýewiň we suratkeşiň erkek dogany Rejepgeldi Çaryýewiň portretleri suratlandyrýar. Eseriň sag gapdalyndaky ýaşulylaryň keşbi “Gün-günden azalyp barýar uruş weteranlary” diýen aýdymyň ýaňlanýandygyny alamatlandyrýar. Suratkeş taslamanyň reňk çözgüdini goňur, gök, ýaşyl reňkleriň üsti bilen çözýär.

Garaşsyzlyk döwründe Rahman Umarowyň döreden nakgaşlyk eserlerinde türkmeniň gündelik durmuşyndaky wakalar, gadymy ýadygärlikler we aýratyn-da türkmen gelin-gyzlarymyzyň we milli tebigatymyzyň gözelligi, özboluşlylygy ussatlyk bilen açylyp görkezýär. Suratkeşiň “Läle bagşy”(2018) atly portretinde reňk sazlaşygy açyk we  ýyly reňklerden düzülip, tanymal zenan bagşy Läle Begnazarowanyň ýaşyl baglaryň ýerliginde dutar çalyp duran ýagdaýy şahyranalyk bilen görkezilipdir. Suratkeş zenanyň owadan keşbini hakykylyk bilen şöhlelendirýär.

Türkmen şekillendiriş sungaty häzirki döwürde hem özgerip, onda täze garaýyşlar, täze akymlar peýda bolýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň keşbi türkmen nakgaşlygynda aýratyn orun tutup, olaryň portretini indiki nesillere ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,
Hanmyrat Mämmedow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok