Ykdysady ösüş — nurana geljek

Islendik döwletiň esasy aladalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmeklige mümkinçilik berýär. Iň esasy hem halkyň sosial-medeni ýagdaýyny ösdürmeklige şert döredýär. Döwletiň baş aladasy bolsa halkyň durmuşyny, hal-ýagdaýyny ýokary götermek bolup durýar.

Ykdysady öşüşde öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetilmeginde döwlet maksatnamalarynyň döwrebap we kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysady öşüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň has giňelmegi, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bütindünýä maliýe-ykdysady çökgünliginiň şertlerinde Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi ýurdumyzy ykdysady-syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny hem has kämilleşdirmegi talap edýär. Hut şu maksat bilen mähriban Arkadagymyz örän ýerlikli we wajyp wezipäni öňe sürdi. Döwrebap, kämilleşdirilen we 2030-njy ýyla çenli niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalaryň işlenip düzülmegi ykdysady işiň netijeliligini artdyrmakda milli ykdysadyýetiň öňünde möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýar. Mysal üçin, nebit-gaz pudagynda biz tebigy gazy daşary ýurtlara ýerlemegiň ugurlaryny artdyrmak bilen, bu babatda öňe möhüm ädim ätdik. Oba hojalygyny mysal alyp görenimizde, ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynda pagta, bugdaý, şaly ýaly önümleriň önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, gök-miwe, bakja önümleriniň köp görnüşini, maldarçylyk, guşçulyk önümlerini ýurdumyzda öndürmek, ilaty özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, hatda daşary ýurtlara hem satmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreler önümçilige berilýän ýeňillikler, maýa goýumlary, oba hojalygynda hususy önüm öndürijileri goldamak ýaly çäreler bilen hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar.

Aýna MÄMMETSALIÝEWA,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok