Telekeçilik – Garaşsyz Türkmenistanyň altyn gaznasy

         Hormatly Prezidentimiz  milli telekeçilik pudagyny ýurdumyzyň altyn gaznasy diýip atlandyrdy. Bu gazna öz gözbaşyny ýurdumyzyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden alyp gaýdýar.

         Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde, Watanymyzda telekeçilik işiniň soňky 30 ýylyň içinde alnyp barlyşyna, onuň guralyşyna we ösdürilişine taryhy nukdaýnazardan ser salmaklyk diýseň ýakymlydyr.   

         Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan hususy telekeçiligi, kiçi we orta telekeçilige degişli pudakda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölümçesini ösdürmegi, hojalygy ýöretmegiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem-de hususy eýeleriň giň toparynyň kemala gelmegini üpjün edýän kanunçylyk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

         Garaşsyzlyk alan günümizden bäri telekeçiler döwlet tarapyndan goldanylyp gelýär. Telekeçilik işini has-da höweslendirmek we onuň ösüşine ýardam bermeklik maksady bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde 2005-nji ýylda salgytlar hakyndaky kanuna üýtgeşmeler girizildi. Onda önümçilik bilen meşgullanýan edara taraply telekeçileriň peýdasyna salynýan salgyt 2% getirildi. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda işewürligi we telekeçiligi ösürmeklikde «Telekeçilik işi hakyndaky », «Erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy hakyndaky», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky», «Daşary ykdysady işi hakyndaky», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky»  kanunlaryň, şeýle hem «Türkmenistanda telekeçiligiň döwlet goldawynyň esaslary baradaky düzgünnamanyň», «Maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmagyň tertibi hakyndaky düzgünnamanyň» kabul edilmeginiň uly ähmiýeti bar. Bu resminamalar kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň önümçilik we daşary ykdysady işleriniň ösdürilmeginiň esaslaryny döretmäge ýardam berdi.

Pälwan ORAZDURDYÝEW,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok