Türkmenistan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtardy

“Türkmengaz” döwlet konserni türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtaryp berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen sanly aragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň  Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda berilen habara görä, Türkmenistan bu bergileri doly we öz wagtynda gaýtaryp berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýändigini aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde, Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklap galýandygyny belledi.

AGAÝEWA DÜRLI
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok