Milli demokratiýamyzyň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda we döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Halk Maslahaty ýurdumyzyň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, bu umumyhalk forumynyň her ýylda geçirilip gelnen mejlislerinde iň wajyp meselelere we wezipelere orun berildi. Dürli ýyllarda Ýaşulularyň maslahaty, Halk Maslahaty derejesinde örän guramaçylykly geçirilip gelinýän bu forumyň halkyň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň sebäbini onuň mejlislerinde jemgyýetiň, raýatlaryň bähbitleri bilen baglanyşykly iň derwaýys meseleleriň orta atylýandygy, olaryň çözgütleri babatda möhüm kararlaryň kabul edilýändigi bilen düşündirmek mümkindir. Ýadyňyzda bolsa, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzyň demokratik-syýasy gurluşynyň esasy ulgamlarynyň biri bolan halk maslahatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm ädim ädildi. Şol ýerde Ýaşulularyň maslahatyny Halk Maslahaty diýip atlandyrmak barada çözgüt kabul edildi we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi.

Görşümiz ýaly, tapgyrlaýyn amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge itergi berýän taryhy wakalar hökmünde uly ähmiýete eýe bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky konstitusion özgertme hem ýurdumyzyň taryhynda möhüm orny bolan wakadyr.

Konstitusion kanunyň taslamasy döwletimiziň binýatlaýyn esasynyň has-da berkidilmegine, jemgyýetçiligiň jebisligine, ýurdumyzyň syýasy-hukuk ulgamynyň kämilligine, raýat jemgyýetiniň işjeňligine gönükdirildi. Türkmen döwleti özüniň ösüş ýolunda ýene bir belentlige çykdy. Döwletiň mizemezligi, esasan, onuň demokratik, syýasy-hukuk esaslarynyň kämilligine, döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislige baglydyr. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda täze konstitusion özgertmäniň amala aşyrylmagy Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmegiň ýene bir kepilidir.

Maýa MÜLKAMANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok