“Zehiniň joşguny” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatiriýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň gurnamagynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Zehiniň joşguny” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 3 ýokary okuw jaýynyň hersinden birnäçe talyp ýaşlar gatnaşdy we bäsleşigiň şertine laýyklykda olar 2 şert boýunça, ýagny:
1-nji şert: Öz düzen bir goşgyňy ýerine ýetirmek.
2-nji şert: Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny labyzly okamak ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Netijede,
Baş baýraga: TDMI-niň talyby Kerim Atçapanow,
I – orna: TMK-nyň talyby Sapa Sapaýew,
II – orna: TMK-nyň talyby Aýjemal Kakadurdyýewa,
III – orna: TDÇA-nyn talyby Parahat Ataýew mynasyp bolmagy başardy. Ýeňijiler ýörite düzülen ýurdumyzyň meşhur metbugatlarynda zähmet çekýän tanymal žurnalistleriň eminlik etmeginde saýlanyldy.
Ýeňijilere guramaçy tarapdan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Amandursun HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Kitaphanaçylyk” fakultetiniň
“Kitaphana – maglumat işleri” hünariniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok