Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amangeldi Rahmanowa Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky çözgüdi bilen Halkara gatnaşyklaryň we daşary syýasatyň taryhy hünäri boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk dabarasy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hoşallyk dabarasyny institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen açyp, halypa mugallyma belent ylmy at mynasybetli degişli şahadatnamany hem-de institutyň adyndan Hormat hatyny gowşurdy, şeýle hem oňa milli däp esasynda telpek we don geýdirdi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, halypa diplomat Amangeldi Rahmanowyň Türkmenistanyň daşary syýasaty ugrunda alyp baran nusgalyk işleriniň, ýazan kitaplarynyň we ylmy işleriniň gelejekde ykbalyny diplomatiýa bilen baglajak halkaraçy hünärmenler üçin görelde mekdebi bolup urýandygy barada nygtap geçdiler. Amangeldi Rahmanow öz çykyşynda her ýylda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasynda geçirilen dabarada professor alymlyk adyny dakanlygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle-de dabaranyň dowamynda institutyň talyp ýaşlary hem öz gezeginde halypa diplomat Amangeldi Rahmanowy professor alymlyk adynyň dakylmagy bilen tüýs ýüreklerinden gutladylar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler