«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti turba önümçiligine we sement zawodynyň gurluşygyna başlady

«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň önümçiligini barha artdyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada 200 tonna golaý önüm öndürildi.  

Kärhana diňe bir polimer önümçiligi bilen däl eýsem-de abzaldyr maşynlary we mehanizmleri getirmek, şeýle hem senagat desgalaryny gurmak bilen meşgullanýar. «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti  Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 mln tonna bolan sement zawodyny gurmak üçin geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular. Olar bu desgany 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok