Ösüşlere we özgerişlere beslenýän energiýa pudagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ägirt uly gory döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli energetika pudagy üçin, henize çenli görlüp-eşidilmedik, diýseň belent sepgitdir. Bu belent sepgide ýetmek bolsa, milli  Liderimiziň bu pudagy düýpli ösdürmek babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň esasynda mümkin boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2014-nji ýylda «Elektrik energiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi energetika pudagynyň durmuşynda uly waka boldy.

Döwletimiziň elektrik we energetika pudagynda umumadamzat bähbitli amala aşyrylýan giň möçberli döwletli tutumlar «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 – 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» esasynda ýerine ýetirilýär. Çünki, Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylyň noýabrynda bu konsepsiýada göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermeklik baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmeklik, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan dostlukly hyzmatdaşlygy has-da berkitmeklik maksady bilen Karara gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystan Yslam Respublikasynyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen elektrik energiýasyny 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Kerki – Andhoý ugry boýunça Owganystan Yslam Respublikasyna ibermeklik barada şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi. Geljekde şular ýaly uly taslamalar ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrar.

Aýgül TAGANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok