Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyňyz ýany bilen, 11-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna Gahryman Arkadagymyz 2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.
Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.
Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda bolsa, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin bölünip berildi. Bu ýerde hem doly bahaly hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin – meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi we güýzlük bugdaýa ideg ediş çäreleriň geçirilmegi babatda köp işler amala aşyryldy.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler