Azerbaýjan, Russiýa ýaly döwletler bilen bir hatarda Türkmenistan hem 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde özbek kondisionerlerini esasy import edijileriň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär. Bu edaranyň habar bermegine görä, Özbegistan şu ýylyň birinji dört aýynda daşary ýurtlaryň sekizisine jemi 3,6 million dollarlyk kondisioner iberdi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 million dollar köpdür.
Azerbaýjan 2,4 million dollarlyk, Russiýa 315,9 müň dollarlyk, Türkmenistan bolsa 304,4 müň dollarlyk kondisioner import edip üçünji orunda barýar.
Teswirler