Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy. Bu barada TDH habar berýär.
Milletiň Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gadymyýetden gözbaş alýan halkymyzyň asylly ruhy çeşmelerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten edebi we ylmy maglumatlary düýpli öwrenip, olary öz işinde ulgamlaşdyrdy hem-de umumylaşdyrdy, munuň özi dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döretdi.
Muňa, ilkinji nobatda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.
Teswirler