Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu gurluşyk «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän bu howa menzili sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukybyna eýe bolup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir.

Kerki şäheriniň howa menzili, ýurdumyzda ilkinji howa menzillerinden biridir. Mundan 75 ýyl ozal bu ýerde howa menzili döretmek barada buýruga gol çekildi. Şol döwürde uçarlar Samsonow şäherçesiniň ýanynda Amyderýanyň kenaryndaky boş meýdança gonup, şondanam uçýardylar. Bu ýerde ilkinji kadaly uçuşlar 1946-njy ýylyň mart aýynda ýola goýuldy. Ýolagçylar bu ýerden hepde-de bir gezek Po-2 uçary arkaly Mara we Aşgabada uçýardylar.

Kerki şäheriniň täze howa menzili dünýä standartlaryna laýyk gelýän, uçuşlary üpjün edýän ýerüsti serişdeler, uçarlary gije-gündiziň dowamynda uçurmaga we kabul etmäge mümkinçilik berjek yşykly signal, meteoroliýa, aeronawigasiýa we radiotehnika abzallary ýaly ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Howa menzilinde 120 adamlyk garaşylýan zal, iki sany petek kassasy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar, halkara aragatnaşyk nokady, goş saklanylýan bölüm, poçta, kafeteriler, «СIP» zal, eneler we çagalar üçin otag, naharhana ýolagçylar üçin hyzmat eder.

Jelaletdin BERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok