Iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Saparyň birinji gününde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmaryň ýolbaşçylygyndaky türkmen we owgan wekiliýetleriniň giňişleýin geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetleriň düzümine – iki ýurduň ykdysady meseleler boýunça geňeşçileri, energetika we ulag ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan milli maliýe edaralarynyň we halkara holdingleriniň ýolbaşçylary girizildi.
Geňeşmeleriň birinji bölümi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyldy. Hususan-da, TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de şu ýylyň ikinji ýarymynda «Hyrat strategiýasynyň» çäklerinde türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine çenli gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga bermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.   
Duşuşygyň çäklerinde eden çykyşynda Daşary işler ministri Raşid Meredow geosyýasy hem-de geoykdysady nukdaýnazardan TOPH taslamasynyň derwaýyslygyny belläp geçdi. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ýewraziýa yklymynda iň möhüm energetika taslamalarynyň biri bolup durýandygy hem nygtaldy. 
Geňeşmeleriň dowamynda «TAPI Pipeline Company Ltd» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Direktorlar geňeşinden «Türkmengaz» Döwlet konserniniň wekili M.Amanow giňişleýin tanyşdyryş bilen çykyş etdi.
Soňra Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi boýunça bölüm guraldy. Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda  Kerki (Тürkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň üstünlikli işe girizilendigi bellenilip geçildi. Häzirki wagtda bu geçiriji arkaly Türkmenistandan Mazari-Şerif şäherine elektrik energiýasy ugradylýar.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini geljekde hem artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan enerketika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň çykyşlaryny diňlediler. Hususan-da, Türkmenistanyň energetika ministri Ç.Pürçekow tanyşdyryş bilen çykyş etdi.
Şonuň ýaly-da, iki ýurduň gatnaşmagynda demir ýol torlarynyň giňeldilmegi ulgamynda hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi boýunça bölüm geçirildi, çünki ol tutuşlygyna sebitde ykdysady integrasiýa oňyn täsir ýetirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda taraplar «Turgundy-Hyrat» demir ýol böleginiň gurluşygynyň taslamasynyň netijeliligi dogrusynda gepleşikleri geçirýärler.
Geňeşmeleriň barşynda «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu geňeşmeler suw serişdeleriniň dolandyrylyşy, senagat, gurluşyk we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ýaly ugurlar bilen birlikde türkmen-owgan özara hereketleriniň giň toplumy boýunça beýleki birnäçe meseleleriň ýüzbe-ýüz ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.

Rejepmyrat Myratberdiýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýetwe dolandyryş fakultetiniň
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalar
kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok