Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň tälimçisi Andreý Dowmatow Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) milli hünärmenler üçin guralan onlaýn okuwyna gatnaşdy.
Günbatar we Merkezi Aziýada tennisi ösdürmek boýunça bilermen Amir Borgeý tarapyndan geçirilen dört günlük onlaýn okuwyna Siriýa, Bahreýn, Oman, Katar we Yrak ýaly döwletleriň wekilleri-de gatnaşdylar.
Bu geçirilen onlaýn okuw tennisiň dünýäde ösdürilmegine we ýaýradylmagyna, türgenler bilen geçirilýän türgenleşikleri kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Onlaýn okuwyň esasy temasy türgenleri taýýarlamakda tälimçiniň orny diýen temadan boldy.
Andreý Dowmatow geçirilen onlaýn okuwdan soň:
– Biz okuwda köp peýdaly maglumat aldyk. Olary Türkmenistanda tennisi ösdürmegiň bähbidine durmuşa geçireris – diýip, belläp geçdi.
Onlaýn-okuw tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar synag tabşyrdylar. Synaglaryň netijelerine görä bolsa olara degişli şahadatnama berildi.
Ruslan MÄMMETJUMAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler