SANLY BILIM BILEN ROWAÇLYKLARA TARAP

Bagtyýar Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamy kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar hem-de halkara derejesine eýe bolýar. Döwrebap ösüşli ýurdumyzda bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegi, ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy, önümçiligiň täzeçe guralmagy bilen uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilikde ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň guralyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda giň gerimli bilim özgertmeleri geçirilýär. Olaryň ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti uludyr.

Milli Liderimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu resminama bilim bermek işine, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, internet torunyň kämilleşdirilmegine, elektron kitaplaryň döredilmegine, programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagyna, kompýuter tehnologiýalary boýunça maslahatlaryň we okuw sapaklarynyň geçirilmegine ýakyndan ýardam edýär. Diýarymyzda ylym-bilim işiniň guralyşyna we berilýän bilimiň amaly ähmiýetine, bilim bermegiň usulyny kämilleşdirmekde kompýuter tehnologiýalaryna uly orun berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylyp, ylym-bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Ösen aň-düşünjeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň innowasion tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine hem ýardam berýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli desgalar dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.

Her bir täzeçilligiň durmuşyň ösmegindäki wajyplygyny nazara alanyňda, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň geriminiň näderejede uludygyna göz ýetirmek bolýar. Bu babatda sanly bilim ulgamyna geçilmeginiň ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi diňe bir mekdep okuwçylarydyr ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem, olara bilim berýän mugallymlar üçin hem amatlyklary we ýeňillikleri döredýär.

Aýgül GURBANOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň
müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok