Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk tarapdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, asuda ýaşaýyş durmuşy, kanunylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Parlamentiniň 2 palataly ulgama geçmegi kabul edilýän kanunlaryň hilini ýokarlandyrmak, kanunçylyk ulgamynyň kämilleşmegine itergi berdi. Kanun taslamalaryň 2 palatada seredilmegi geljekki kanunlaryň has hem içgin öwrenilmegine ýardam berýär. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Salgyt kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda” kanunyň kabul edilmegi hususy işewürligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň ösmegi boýunça Hormatly Prezidentimiziň etýän aladalarynyň netijesidir.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýübileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň kanunlary türkmeniň milli gymmatlyklary – watansöýüjilik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, watanyna bolan wepalylyk ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär. Täze kanuna laýyklykda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli bu hormatly sylaga ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan üstünlikleri gazanan, Watanymyzyň ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgarmaýan raýatlarymyz mynasyp bolar.
Kanunçylgyň ösmegi üçin öz goşantlaryny goşýan hukukçylara, alymlara, Mejlisiň deputatlaryna we Halk maslahatyň agzalaryna şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýaryn. Alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
.
Jumakulyýew Serdar,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler